Ýelekçi söwdagär.
Bir gezek Wiktor Gýugo, Prussiýa (Germaniýaň bir bölegi) gidipdir.
-Siz näme bilen meşgullanýaňyz?-diýip serhetde ondan žandarm sorapdyr.
-Ýazýan.
-Men sizden: "Näme bilen gazanç edýäňiz?" diýip soraýan.
-Ýelek bilen.
-Bolýa. Onda şeýle-de ýazaýarys: "Gýugo. Ýelekçi söwdagär".
Haýdan-haý kapýa.
Bir gezek Kondyba familiýaly Puşkiniň tanyş serkerdesi oňa sorag beripdir:
-Siz "рак и рыба" (leňñeç we balyk) diýen sözlere haýdan-haý kap ýa oýlap tapyp bilersiňizmi?
-Baş üstüne,-diýip Puşkin jogap beripdir: - "Дурак и Кондыба!" (Akmak, Kondybal).
Serkerde gep alyp galmajak bolup ýene-de diýipdir:
-Onda belki tersine, ýagny "рыба и paк" sözlerine-de ýüzugra kapyýa taparsyňyz?!
-Gözel göwnüňiz, "Кондыба и дурак ".
Başgap we kelle.
Bir gezek meşhur ertekiçi Gans Kristian Andersen Kopengageniň köçelerinde köne sypal başgapdyr,
peti giden ýapynjaly seýil edip ýören ekeni. Şonda oña sataşan tanyş jalaýlarynyň biri, degşesi gelip, dili gijäp Andersene ýüzlenipdir:
-Aýtsaňyzlaň gadyrdan, bu siziň kelläňizdäki gözgyny bir zada "başgap" diýilýärmi?
Andersen ýeke pursadam sakynman jogap gaýtarypdyr:
-Elbetde. Ýöne aýtsaňyzlaň gadyrdan, bu siziň jalaý başgabyňyzyň astyndaky gözgyny bir zada hakykatdanam "kelle" diýilýärmi?
Semizlik we arryklyk.
Bir gezek semiz adam henekçilsiräp arryk Bernard Şoua ýüzlenipdir:
-Size seredeniňde siziň maşgalaňyzyň açlykdan ejir çekýändigi hakynda pikir emele gelýär.
-A size seredeniňde bolsa şo betbagtçylygyň sebäbiniň sizdigi hakynda pikir döreýär!-diýip ýazyjy
jogap beripdir.
Ýaradylyşyň tertibi.
Bir gezek bir hanym Bernard Şoudan sorapdyr:
-Nämüçin Hudaý ilki erkegi, soňam aýaly ýaradypdyr?
-Erkegi ýaradýarka aýal biderek sowallarydyr- maslahatlary bilen ýüregine düşmez ýaly.
Ýazmagyň usuly.
Bir gezek bir hatyn Bernard Şoudan maslahat sorapdyr:
-Aýtsaňyzlaň, gowy ýazyjy bolmak üçin nädip ýazmaly?
-Çepden saga.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.