flowers_
21.06.2024 00:58

Ötünç
(Aýgül Garaýewa).



Haýyş, ykbal, göwnüm ýykma, Dilegim bolsa-da yeser.
Sen geñ görme sözlerimi,
Hem bakma maña keseden.

Men bir zady çak edyarin
Bilmäge şoñ bellisini.
Sen kyn görmän beräy maña,
Ayralygyñ belgisini.
Men oña jañ edip diýjek:
Bagyşla, meni ayralyk!
Şu çaka sendindir öydüp,
Bu ýekelik, bu aýralyk.
Yalñyş pikir edipdirin,
Göteripdirin günäñi.
Asyl, bu zatlañ baryna
Özüm ekenim günäli.
Aslynda iki adama,
Ýeke söýgi dözlen bolsa.
Yeke söygä iki yürek
Bir alyp, bir berlen bolsa.
Kim bilýär, şol "göreşde-de",
Ol yeñip, men ýeñlen bolsam?!
Wah, onsoñam jan, ayralyk,
Señem görüp durşuñ yaly,
Meñem görüp durşum yaly,
Bu dunyañ diregi käşgä,
Bir sen bolsañ, bir men bolsam,
Bolsa-da, muña düşündim.
Yetişdim hernä aýñalyp.
Sen giç hem bolsa, bagyşla,
Bagyşla meni, ayralyk.

22
70
flowers_
21 Iýun 2024
@garlawac, doly dälmi ýokardaky🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.