awadan
20.06.2024 13:06
Boşap galan öý.Tüssä öwrülen bagt. 2- nji bölümi
Orazsoltan gelneje balalarynyň yzyndan garap galdy.
Çagalarynyň sag-aman gidip gelmeklerini Allajandan dileg etdi.
Bular harby bölüme baryp, ol gün Kerimi hususy jaýy bir günlik kreýine alyp şol ýerde boldylar. Kerim jigileri bilen oýnady, olary aylap geldi. Bir günlik bolsada öz öýi ýaly duýdy, sebäbi maşgalasynyň bary bardy, diňe ejesi ýokdy.
Ertesi Kerimi harby bölüme tabşyryp öýlerine gaýtdylar.
Iki gün ýadowlygymy ýa ýol uzaklygymy onyha bilmedim welin duýdansyz öňünden batly gelýän ýük maşynyň özine garşy gelýanini gördi-de roluny aýlajak bolup uly ýük maşynyň aşagyna girip gitdi, aýnadan iki çaga uçyp daşaryk zyňyldy, geliniň biri batly urga çydam edip bilmedi we kaklyşylan bada jan berdi. Beýlekiler kimsi kellesi degse kimsi eli döwüldi, maşyn gulplandy açyp bolmady, uly maşynyň zarbyna birden maşyna ot düşdi we maşyn ot aldy
Uly ýolyň ortarasynda ýanýan maşynyň ýanyna adam çagasy baryp bilmedi. Ot söndüriji maşynlaryň kömege ýetişjeginden welin bular uzakdady,çöliň içindedi.
Maşyn içinde galan adamlary bilen ýandy, ony halas edip bolmady. Diňe iki çagany ýaglyga dolap,galanlarny welin oba ilaty her ýerden bir süňkün çöpläp, ony mata dolap öýüne eltdiler.
Orazsoltan gelneje bu elhenç ahwala ýüregi diýen etmedi we şo duran ýerinden güpürdäp gaýtdy. Şodyr şodyr ondan ne ses çykdy ne-de gözýaş, ol doňdy, dälilik katdyna ýetdi,
7 baş ölüm bir hojalykdan, bu urga ýürek çydap bilmedi.
Orazsoltan gelnejäni welaýatdaky ( Psihatriçeskiý hassahana)ýagny akyl taýdan yza galanlary bejerilýan hassahana äkitdiler.
Il gün bolsa bu 7- sany ölümi jaýladylar, onsuny munsuny öz özleri etdi. Orazsoltan gelneje bolsa hiç zat bilenokdy. Bat bileni agtyklarny gözleýardi, eýlak beýlak geçenden soraýardy
-Meniň balalarmy görmediňmi!?
Kerim bu zatlardan bihabardy. Ol doganlary gaýdansoň öz gulluk borjuny ýerine ýetirmek bilendi.
Bu pajygaly ýagdaýdan soň ony doganlarynyň 3-i, pataçylyk diýip harby bölümden alyp gaýtdylar.
Kerim ejesiniň sagalmagy üçin günde lukmanlar bilen maslahatlaşýardy. Ýöne netije pesdi.
Aradan 6-7aý geçdi
Indi Orazsoltan gelneje az kem gepleýardi, ýöne agtyklarny gözläp ýördi, balam oglum nirede, görmediňizmi?, bar bilýan sözi diňe şu iki sözdi ..
Kerimiň talyplyk döwründe gowy gören gyzy bardy. Ol Kerim harby gullukdan gelensoň toý etmekçidi. Welaýatlary aýra bolansoň bular diňe jaň üsti bilen gepleşýardiler. Kerimiň maşgalasyndaky pajygaly ýagdaýdan soň 3- ýyllap söýen ýigidiniň ýüzüne köz çekip, başga birine gaçyp gitýar. Kerim söýen gyzynyň gaçmagy ýureginiň ýarasynyň üstüne täzeden duz sepilen ýaly bolýar.
Kerim söýgi diýen zada söýgülisi gaçan güni ynanmasyny kesýar, güň ýaly gezip ýörkä özi bilen deňirak gutaran kursdaş dosty jaň edip Kerimi toýa çagyrýar.
Kerim bu toýa göwunli göwünsiz gitýar. Toýda her ýerden gelen kursdaş dostlaryny görüp göwni açylýar.
Agşamky toýda oglanlar üýşse toý ir başlan hem bolsa galanyny toý mekanynda dowam etýäler.
Bezenen oglan we gyz ikijigi ak guş ýaljak bolup toýa bezeg berip orta tansa çykanlarynda Kerim düýdansyz söýen gyzynyň ejesi bilen gyz doganyny görýar we ýüregine öýke kine alman salamlaşmaga barýar.
Gyzyň ejesi Kerimi barde görup name etýänini soraýar.
- Gelneje, öýlenýan oglan dost oglanlaryň biri, toýa geldim, diýýar.
- onda toýdan öýüňize dolan oglym: - diýip gyzyň ejesi aýtýar.
-toý azyrak göreli ýörejek, oglanlar bilen maşynly geldik,:- diýip Kerim oglanlaryň arasyna tansa gaýtýar.
Hemme oglanlar üýşüp tans edilip durka gelin bilen oglan hem bularyň ýanyna gelip tansa goşulýar.
Ilki bada üns bermedik Kerim gözüniň alnynda oglanyň boýnundan aslyşyp tans edip duran gyza seredip doňup galýar ....
22
115
bilimlije
22 Iýun 2024
👌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.