guli05
20.06.2024 08:30
Ýagyş batly ýagýardy. Gök gümmürdäp, ýyldyrym çakyp duran howadaky agy sesi hem gorkunç we gynandyryjy bolup eşidilýärdi.

Kakasy Aýmelegiň ýüzüne iýäýjek ýaly bolup seredip:

• Sen diňe şoňa durmuşa çykarsyň. Saňa başga näme gerek? Saňa ýag iýdirip, ýüpek geýdirjekleriň biri, bar günäsi birinji aýalynyň ýogalmagymy? Olam näme adamçylyk bolup biljek ýagdaý. Garaz men seň yňňy-myňňyňa seretjek däl indi, toý bolar wessalam!

• Kaka, meni şunça ýyl eklediň, sakladyň, zada zar etmediň. Saňa gaty minnetdardyryn. Ýöne men okajak, meň arzuwlarymy puç etme, meni beýdip ýakma. Şunça ýyllyk azabymy köýdürme –

diýip Aýmelek kakasynyň aýagyna ýykylyp aglaýardy.  Gyzynyň şeýlebir  naýynjar, ýalbaryjy äheňde seredýän gözlerine gözi düşen Maksat aga batly galdyran ellerini aşak goýberenini duýman galdy. Ol elini silkdi-de, otagdan çykyp gitdi.

Aýmelek adyna mynasypdy, melek diýseň melek. Akýüzli, owadan ullakan kirpikmen gara gözleri, ýaý şekilli gyýylyp duran gaşlary bardy. Uzyn gara saçlary bolsa ony asmandan düşen hüýr-periler deýin görkezýärdi. Şol wasp edilýän Aýmelek bu gün özüni dünýädäki iň bagtsyz gyz hasaplaýardy. Daşarda-da ýagyş diňipdi, gijäniňem ýaryndan geçipdi. Aýmelek bolsa kakasy çykyp gidenden soňra duran ýerinde doňup otyrdy. Birden ol tisginip gitdi. Derrew ýerinden turdy we baryp otagdaky ähli kitaplaryny howla daşady. Hemmesini üýşürip, birnäçe wagtlap ahmyrly gözleri bilen seredip durdy. Soňra elindäki otluçöpi otlap goýberdi, şeýdibem birgiden kitaby ýakyp harap eýledi. Kakasy bilen bolan wakadan soň birem aglamadyk Aýmelegiň gözünden edil şu wagt birje damja ýaş gaýtdy. Onuň içindäki gopýan harasaty welin aýdyp beýan eder ýaly däldi. Ol kitaplary bilen özünem ýakypdy.

Daň atdy. Aýmelek uklamandy. Maksat aga täret almak üçin daş çykan wagty, Aýmelek ýanyna baryp özüniň razylygyny aýtdy. Ol gahar üstünde karara gelipdi. Özüne nämeleriň garaşýandygyndan welin habarsyzdy. Şeýlelikde, gelnalyjy geldi, nika gyýyldy, Aýmelek bolsa gyzlyk dünýäsi bilen hoşlaşdy we indi bir baýyň ikinji aýaly boldy. Onuň adamsy Süleýman gazet çap edilýän edaranyň direktory bolup işleýärdi. Ol Aýmelegiň bilimli, okuwa höwesli gyzdygyny duýýar we ony edara işe alýar. Aýmelek gelin bolan öýüne öwrenşip başlaýar. Süleýman hem erbet adam däldi. Aýmelek Süleýmana ussalaryň durmuşy bilen baglanyşykly oçerk makala ýazjakdygyny we işçileriň özleri bilen gürrüňdeşlik geçirjekdigini ýaňzytdy. Süleýman eger ol bu işi başarsa gazetde hem çykarmaga söz berdi. Aýmelek ertesi günden işe başlady, ýakyn obalaryň birinden hojalyk  gurallaryny taýýarlaýan ussahanany tapdy. Gapydan ýaýdanjaňlyk bilen ätledi. Ussalaryň arasyndan biri bu ajaýyp gelni gördi we onuň habaryny almaga gaýtdy:

dowamy bar....
6
47
ggaa
9 Iýul 2024
Dovamy xacan gelya
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.