SpaceX-iň we Tesla-nyň baş müdiri Ilon Mask geljekde adamlaryň smartfon ulanmagy bes etjekdigini aýtdy. Onuň pikiriçe, smartfonlaryň ornuny has kämil gurluşlar – kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Neuralink neýrointerfeýsleri eýelär.
“Geljekde telefonlar bolmaz, diňe Neuralink bolar” – diýip, Mask X sosial ulgamynda ýazdy.
Neuralink neýroimplantlary pikiriň güýji bilen kompýuter we beýleki gurluşlar bilen gönüden-göni aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän adam beýnisine oturdylýan çiplerdir. Mask Neuralink-iň diňe bir smartfonlaryň ornuny tutman, eýsem, köp sanly beýleki gajetleri-de gysyp çykarjakdygyna ynanýar.
Belläp geçsek, neýrointerfeýsler pudagyndaky işläp taýýarlamalar bilen diňe Neuralink meşgullanmaýar. Bu tehnologiýany amerikan kompaniýalary bilen bir hatarda hytaý kompaniýalary-da işjeň durmuşa geçirýär.
Ýatlap geçsek, Neuralink-iň ilkinji ulanyjysy sekiz ýyl mundan ozal heläkçilik sebäpli ysmaz galan 29 ýaşly Nolan Arbo boldy. Ol häzir implantyň kömegi bilen birnäçe ýönekeý ýumuşlary ýerine ýetirip bilýär: aýdymy açmak, oýun oýnamak, telewizory dolandyrmak.
Geljekde Arbo robot Optimusy we awtodolandyryjyly Tesla-ny dolandyryp bilerin diýip umyt edýär.