Islam_Atayew
19.06.2024 14:33
Bu gije sizi üstüñize örten odeýalyñyzam gorap bilmese gerek.

Jaýyñ kömürhanasy mysaly gorka salýan sanawymyzyñ temasy ýene-de jynlar. Internetde giñden ýaýran "jynly hekaýalaryñ" iñ gyzykly ýerlerinden sitatalar aldyk. Elbetde, bu hekaýalaryň
içinde näderejesiniñ bolan wakadygy, näçeräginiñem çeper fantaziýadygy jedelli.
Ýöne iniñi düýrükdirýändigine welin, şek-şübhe ýok.

1.Mawy gözleri bilen maña seredende, ony başy aşak, aýaklary-da ýokaryk bolan halda gördüm... Emma ýüzi görnenok we diñe maña seredip durandygyny görüp bilýärdim.

2.Dem alşyny gulagymyñ düýbünde ýaly duýýardym, yzyma gañyrlyp seredibem bilemokdym, gygyrybam bilemok, özümi bilmän ýatyrdym... Özüme gelemde aýalymy öldürjek bolup duranymy gördüm, arkamda bolsa üç barmakly el yzy bardy.

3.Diliñi dişleseñ, bilginiñ, biziñ dişlän zadymyzy iýensiñ. Biziñ dişlän ryzkymyzdan iýen adamyñ dili takatsyz
galyp gurar, dişleriniñ öñüne gelip gysylar.

4.Ol ýoluñ ugry bilen gidip barýarka, öñünde eşigi älemgoşaryň reñkinde, uzyn gara saçly, aýakýalañaç gyz duran eken... Gyz gözüni oña dikip, "diliñdäkini aýdaýma" diýipdir. ol geñ galyp gyzy diñläpdir. Gyz
ony jynlaryñ meýlisine äkidipdir. Adamyñ dilindäki "bissimilla" eken.

5.Doganym çaltlyk bilen düşegine geçdi we ýorganyny başyna çekdi. Edil şol wagtam ol sandyr-sandyr edip, "ýorganyñy içinde biri bar!" diýip gygyrdy. Men näme etmelidigini kellämde aýlap durkam, birden ejem içerik girdi. Bir zatlar aýtjak boldy, emma dili aýlanmady. Soñ ol şonda gara plaşly adamyň kakamy bogup durandygyna gözi düşendugini aýtdy. Kakam muña ynanmasa-sa, doganym bilen ejem birmeñzeş zady görendiklerini aýdypdy.

5.Gijeleýin bir ýerlerden gelýän deprekdir tüýdügiñ sesi eşdilýärdi, ýöne onuñ nireden eşdilýändigini bilip bolanokdy.. Ýoldaşym "geldiler, geldiler!" diýip gygyryp oýanýardy. Ol düýşünde adama meñzeş, ýöne aýaklary geçiniñ aýagy ýaly adamlaryň ony turuzýandygyny aýdýardy. Ol indi uklabam bilenokdy. Haçan gözüni ýumsa, şol adamlar ony golundan tutup garañky öleñlige tarap çekýärdiler.

6.Öz-özünden egin-eşiklerimiz ýanýar, hemme zat edip gördük, ýöne munuñ bir alajyny tapyp bilmedik. Adamlar indi bizden gorkýar, öýlerine salaslary gelenok.

7.Gyzym erkegiñ sesinde gürläp başlady, başga barlyklar gezmeleýärdi,seredişinden
hemmeler gorkýar. Öýümiziñ golaýyndaky injir agajy muña sebäp boldy.

8.Men ganhor däl diýdim, "'Sen jyn ganhory, ýedi arkaña bela bolup geleris, ýedi arkañdan ar alandan soñ seni öz günüñe goýarys" diýdiler. Şemler birden ot aldy
welin, gorkyma barsyny agdaryp çykypdyryn. Öýüm ýandy, ot üstüne benzin sepelenýän ýaly lowlap ýanýardy. Otaga girdim, hemme ýer hüýt-garady. Aslynda otaga girenimde, ýene maña oýun oýnarlar
öýtdüm. Indu olardan öñküsi ýaly gorkamok, çünki okuwyny bulaşdyrdylar, maşgalamy dargatdylar. Mundan beter näme edip bilerdiler. Hemme zat kül
bolupdy. Aýagymyñ aşagynda bir zat bardygyny duýdum, aýagymy galdyryp seredenumde, kolýem ýerde ýatan eken. Emma gap-gara bolupdy. Gözüm kitaplarymy gözleýärdi, ýöne bu ýangyndan olary abat alyp çykmak mümkin däldi. Kolýemiñ gapagyny açdym, suratym şindizem durdy, ýöne şol pursata çenli başdan geçirenlerimiñ iñ gorkunjy, belki-de,
suratymyñ mañlaýynda ýazgy bardy. Bu gezekki bolýan zat düýş däldi, hemme zat hakykatdanam gözümiň alnynda bolup durdy. Hamana düýş bilen hakykaty bulaşdyrýan ýalydym. Ýazgy kül bilen
ýazylypdy, kolýemiñ agzy ýapykdy, surat ykjam ýerde durdy. Diýmek, bu ýazgyny ol ýere kim ýazdy, nädip ýazdy, näme sebäpli ýazdy? Indi men beýle soraglary beremok, sebäp şolañ ýazandygyny bilip durn.


Internet maglumatlary esasynda toplandy.
22
162
Bitter
19 Iýun 2024
Bitter
19 Iýun 2024
@Islam_Atayew, kim bilip dur, su "😲😱" emodjileri ugradyp yapardyk o meselanem😁. Yone inni gic,pozup oturman
Bitter
19 Iýun 2024
Teswirimdaki grammatik yalnyslary gormedik syran yone sizem, yazamda unsumi nausnikdaky akysyn "nahana geldin" diyen aydymy bozdy🤦‍♀️
Bitter
19 Iýun 2024
@Islam_Atayew, srocna pozup agsamtz.den goyun. Edil suwagt pozsanyz,gormediksyrap agsam tz den okajak😄
ideallider
19 Iýun 2024
Agşam goýmaly ekeniň😄👍
stella_🖤
19 Iýun 2024
🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.