Islam_Atayew
19.06.2024 10:28
●Tüsse dagaýança
Iki awçy özara gürleşip dur:
-Ýekegapan awlaňda tüpeňiňe nähili däri salýaň?
Diňe tüsse çykarýanyny salýan.
Näme, tüsseli okuň ýekegapany derrew
ýatyraýýamy?
-Ýok-la, tüsse dagaýança agaja dyrmaşyp ýetişyän.

●Uçup barýan
Alpinist uçuda güwläp gaýdypdyr. Ýoldaşlary onuň yzyndan adyny tutup gygyrypdyrlar:
- Wasýa, janyň beri sagmy?
-Sag, sag!.
Elleň abatmy?
- Abat!
- Aýaklaň bitinmi?
- Bitin!
Onda ýokaryk gal-da!
Nädip galaýyn, entek uçup barýan!.

●Ikinjim
Awçy egninden tüpeňini aýrypdyr-da, käkiligi nyşana alyp, ony ýere gaçyrypdyr.
- Şu meň ikinji uran käkiligim! - diýip, ol ýoldaşynyň ýanynda buýsançly gürläp, döşüne kakypdyr.
- Hany, onda birinji uran käkiligiň?!
- Men ony on ýyl mundan ozal urupdym.

●Agam ikimizi...
Iki sany lapçy güpleýär:
- Bir gezek Afrikada aw awlap ýörkäm, bäş ýüz metr aralykdan ýekeje okda pili tükgertdim.
Onyň dagy nämejik! Ynha, arada Demirgazyk deňzinde hiç bir ýaragsyz-beýlekisiz ak aýyny bogup
taşladym.
- Ýogsa-da deňiz diýeňde bir zat ýadyma düşdi. Sen, heý, öñde-soňda öli deňzi diýip eşidipmidiň?
- Elbetde, eşidipdim.
- Bilip goý, şony agam ikimiz öldürdik.

●Gaty gymmat
Suratkeş ýaş gelne onuň suratyny çekmegi teklip edipdir.
- Çeken suratyňyz üçin näçe tölemeli borun? - diýip, zenan sorapdyr.
- Hanym, siz üçin hiç zat.
-Aý, ýok, munyňyz gaty gymmat bolýa.

●Bagtyň çüwende
Düýn utukly petegim bilen ýüz müň utaýdym!
- Aýalyň-a muňa ýaman begenendir.
- Hawa, begenjine doňňaradaşa öwrüläýdi.
Tüweleme, bagtyň çüwende barysy birden
şowlaberjek oguşýa!

●Barybir tapar.
Eger meň ejem biziňkide ýaşajak bolýan bolsa diýip, aýaly adamsyna sala salypdyr. - Onda biz has ulurak öýe göçsek gowy bolmazmy?
Beýdip gaçyp gutulyp bolasy ýok - diýip, adamsy lapykeçlik bilen jogap beripdir. - Iru-giç ejeň bizi şo ýerdenem tapar.

●Hökman gitmeli
Ezizim, garyndaşlammyzyňka hiç myhmançylyga gidesim gelenok.
- Meñem gidesim gelip duranok. Ýöne, şunam bilip goý, barmasak, olar ýaman begener.
Dogry aýdýaň. Onda hökman gitmek gerek.

●Gaýçy gözleginde
Saçy aşa ösgün ýaş ýigit dellekhanada otyr. Dellek eli magnitli pyrlanyp ýörşüne, magniti onuň kellesiniň
üstünde aýlaýar.
- Bü näme, saç syrmagyň täze usulymy?
- Ýok. Men gaýçymy gözleýän-laý.

●Tanaýmaly
- Sen hiç haçan Samarada bolup görmediňmi?
- Ýok, hiç haçan bolup göremok.
- Onda sen meň uýamy tanaýmaly, olam hiç haçan şo ýerde bolup görenok.

●Näme almaly?
Aýaly adamsynyň ýanyna gelip, näz bilen gürleýär:
Sen meni gowy görýäňmi?
- Gepiňi köpeltme-de, özüňe näme satyn alyp bermelidigini aýt?

●Her ýarym sagatdan
Aýaly adamsyna şeýle diýýär:
- Men goňşulara bir minutlyk baryp gaýtjak, senem her ýarym sagatdan nahary bulap duraweri.

●Uçamzok
Bir uçarman beýleki uçarmana şeýle diýýär:
- Paraşýutçylara aýt, bökmeklerini bes etsinler. Biz entek uçamzok.

●Meňzeşlik nämede?
- Seni gördügim bada-bat Kowalýow ýadyma düşäýýä.
-Ýöne meň oña meňzeýän ýerim ýog-a.
- Bü hakykat, ýöne oňam maňa elli rubl bergisi bar-da.

●Düýnki gazet
- Aýtsaňyzlaň, şu gün aýyň näçesi?
Eliňizde gazet barka aýyň näçesidigini sorap durmagyňyz näme?
- Wah, elimdäki düýnki gazet-dä.

●Çykalga
- Aryny öldürmegiň aňsat ýoluny bilýäňmi?
- Ýok.
- Ony şkafyň aşagyna kowagetdin, şkafyň dört aýagyny-da kesip taşlaýmaly.

●Ýeke söz üçin
- Kolýa, näme üçin biziň toýumyza gelmediň?
- Ýeke söz üçin gelmedim.
-0 nähili söz?
- Çagyrylmadym.


Terjime eden: Adyl Ýolyýew.
36
175
ideallider
19 Iýun 2024
Köne SSSR žurnal-gazetdan alynan öýdýän😄👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.