awadan
18.06.2024 21:08
MAÑA BEÝLE EJE GEREKDÂL SONKY BOLUMİ
ejeňi ýygna, öziň eýe çyk balam
— yok, eje men ärli adam äri ruhsat bermese ýola çykmagada hakym ýok, haçanda men heniz 16 ýaşamankam 40 ýaşan erkegiň ikinji heleýi edip meni pula satjak bolaňda şu duşjek günleriň ýada duşmedimi?
Men seni tanamok, maňa beýle eje gerekdäl, meniň ejem "enem "ol meni köçeden ýygnady, adam hataryna goşyp toý edip il hataryna goşdy. Ol döwurler nirdediň. Kakamdan galan jaýy, maşyny oýnaşlaryň üçin satyp,kakamyň yurdynda ýumurtga togalabermeli etdiň.Tozdyrsyň hojalygy, sen hakyky eje, hakyky zenan bolan bolsaň kakamdan galan zatlar ýedi arkaňada ýetýardi, sen ony sanlyja ýyllaryň dowamynda baryn ýokladyň
Meni günüme goý, öz maşgalama bar, indi öz gunumizi özumiz gorýas,diýip trupkany goýjak bolamda
— balaaaaaaam, beýtme,dur : - diýen sözini eşdip galdym
Trypkany goýyp otyryp ýene agladym. Bu durmyşyň gurlyşy neneň, men näme üçin şeýle ezýetler üçin ýaradyldymkam - diýip aglap durkam ýoldaşym üstume geldi we meni köşeşdirip bu jahanda hasapsyz zat yokdyr Arzuw hemne zadyň hasaby badyr Alla sygyn namažyň oka, Allaň özi haklaşdyrar: - diýdi
Ýene-de Allajana şukur meni namede bolsa şeýle maşgalanyň gelni bolmaklygyma maňlaýyma ýazanlygna şukur edýanSoň ejemden habar bolmady
Aý gün geçip durdy. Günlerde bir biziň işigimize tiz kömek maşyn geldi we ol gelip meni sorady. Men Arzuw diýilýan diýip çykyanjam maşyndan duşurlip gelýan ejemi gorup zähram ýaryldy. Ol özini bilenokdy we iň soňky demde meniň salgymy berip şolara meni eltäýiň diýip samyrdap ýatansoň, jan berip bilman ýatyr, edilen dermanlar tasir edenok diýip olar ejemi öýe getirdi. Ejemi öýe salmasyna saldym welin indi ýoldaşym name diýerkä diýip ýuregim karkara geldi
Ýene ýoldaşym ägirt gowy adamdy we agyr nasagy köçä zyňyp bolmaz diýip öýde saklamagyma razy boldy
Ejem ondan doň goni iki gün ýatyp bi dünýeden bakyýete ömürlik bizden ara açdy. Ol aradan çykansoň onyň aş suwyna kakamyň iki aýal dogany ,kakamyň hatyrasy üçin bar sadakalaryn etdiler ...Bu dünýa baky gelen yok.
Ýöne zenana mahsus hasiýetlermizi ýitirmeli däl
Men bu wakany gurruň bermek bilen ýaşlara ýüzlenesim gelýar
Ýalan söýgiň gurbany bolmaň, şol söýgi zerarly döreýän çagany ömürlik ýakmaň! Onyň her ädimde düşýan kemsitmelerinden goraň
Siz ene ahyry, ony dogryp zyňmaga wyždanyňyz nädip çatýarka,hany meni dogran eje, hany ýyly mahri bilen çoýan kakam, ýere giren ýaly, birje gezek meni ýatladylarmyka olar ,wah näbileýindäMeni gyzlyk alan kakam çaga mährine zardy meni eziz gordi, ýöne ejem kakamyň baýlygy üçin goşyn birikdiripdir ekenä
Maňa beýle eje gerekdäl, meni balam diýip bagryna basan enem ýene meniň maňlaýyma düşan ...
Her bir çaga ejeli kakaly bu dunýade eýeli bolmaklarny isleýan
Eje mukaddesdir şol mukaddesligi aýalyň!
Okanyňyz üçin sagbolyň
Awtory:Nowça Alyýewa
Sony
22
95
gormegeyje
18 Iýun 2024
Hekaýa gaty gowy eken 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.