awadan
18.06.2024 15:01
MAÑA BEÝLE EJE GEREKDÂL (buDowamy)
Men şeýdip enemiň ýanynda galdym. Orta mekdebi gutardym, etrapdaky tehnikumyň buhalterteriýa bölümini gutardym.Obadaky arçynlykda işe başladym.
Şol günleriň birinde obadaky mekdebe mugallym bolup gelen bir ýigit bilen tanyşdym we toýym uzaklaşdyrman tutmaly boldym. Men oňa bar zada aýdym erteki gün ýüzüme daňmasyn diýip
Ejem şol ýyllaryň içinde bir gezek hem meni idäp gelmedi. Toý edemde toýyma aýdym oňada gelmedi. Wagtym geçmegi bilen göwreli bolup ilkinji perzentim elime aldym. Ony buşdylap aýdym oňada gelmedi. Ol men yok ýaly meni hiç hili idemedi.
Ýaş çagaly wagtym enem ýaraman aradan çykdy. Gaýynlarym adamçylykgy adamlardy .Olar meniň ýekeligim bildirmediler, meniň üstumde kokenekdiler.Ýoldaşym men diýip ölüp öçüp barýardy
Bir gün öýde ýoldaşym bilen çaý çörek iýip otyrkam bir ýerden ejem geläýdi
Men ejem bilen salamlaşyp agtygyny eline berdim. Yoldaşym daş çykan ýaly hem etdi welin ýöne daşky işik açyk bolansoň ol ejemiň maňa aýdan sözini eştdi.
Şonda ejem meniň eýýam ikilenji gezek ýuregim parça parça, kerçgem-kerçgem edip paralady.Ol
— Arzuw bu çagany haýsyndan aldyň, ýa kakasy hem nabellimi,öziň ýaly- diýdi welin elindaki çagamy alyp sandyrap başladym.
Beýlede bir zalym aýal bor ekeni Allajan diýip aglap başladym welin yoldaşym gelip elimdaki çagamy alyp, soň ejemegaty köp geplediňa gaýyn sylanşyk iki taraplaýyndyr .Gyzy terbiýelän öziňdir öýtme, gyz seniň terbiýaň alan bolsa senden-de beter köçeki gyz bolup ýetişerdi Ýöne nämede bolsa ol öz kakasyna çekipdir. Heniz iki aýlyjak bolmadyk ak gyş ýaljak çagama sen gara ýöňkär ýaly sen kim,göterl şu taýdan bu çaka idemedik gyzyňyzy indiden beýläk hem ideme, utanmaýaňmy oral heleý bolup heniz 25 ýaşamadyk gyzyňa beýle zatlar diýmage, öziň ýaly muny hem muň erkege sataýjaksyň welin, ojagaz pikriiň başa barmaz, indi öz maşgalamy özüm goraryn ol seniň işiň däl,: - diýdide kowup goýberdi
Ejem gidensoň ýoldaşym meni bagryna basyp goý aglama, şonça ýyllap aglanyň hem ýetik seniň şu gözýaşlaryň deregie gulki,şatlyk berjekligime söz berýan, indi sen hiç wagt aglamarsyň - diýip meni köşeşdirdi
Allajana şukur gelin bolup duşen ýerimden nägile däl.Meni aşa gowy görýaler, hossarsyzlygym bildirmediler.
Şondan soň men ejemi göremok.
Aradan ençe ýyllar eçdi. Ikinji çagam oglanjyk bolansoň ýoldaşym meniň kakamyň adyny goýmagyna ruhsat berdi. Men oňa kakamyň göňi öz adyn goýman Kakajan diýip at goýdyk .
Durmyşym gul ala gulluk bolup gitdi. Öňüň gelenden ahyrym gelsin diýen ýaly bu gören görgülerimiň eşretin görmek hem maňa nesip etdi
Ejem meni özi dogurmanlygy üçun beýle ýigrendimika ,diýip köp pikir ederdim. Jogap ýokdy
Ençe ýyllardan soň bir gün işden gelip nahar bişirip durkam ýanymda duran telefonym jyrlady
Ony alyp
- aloo diýsem ,ondan agy gatyşykly zenan maşgalaň sesi meniň howpym basdy
— kim siz diýdim
- bu men Arzuwjan balam men bu seniň ejeň, jan gyzym meni bagyşla, saňa men gün gökezmedigim üçin Alla maňa onyň ezýetin çekdirýar. Gyzym ejeňi ýygna,

Dowamy bar...
19
59
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.