Islam_Atayew
18.06.2024 09:09
Ginnesiñ rekordlar kitabyndan parçalar(dowamy)

📌ÝEDI MINUTDA 61 BLINÇIK
lýmek boýunça rekordlaryň ýene biri angliýaly Mark Mişoma degişli. Ol diametri 15,24 santimetr bolan 61 sany blinçigi ýag we sirop bilen ýedi minudyň içinde iýmegiň hötdesinden gelipdir.

📌IŃ KÖP HARPLY ELIPBIÝ
Iň köp harply elipbiý Kambožanyň elipbiýi
hasaplanylýar. Olaryň elipbiýinde jemi 72 harp bar. Iň az harply elipbiýi bolsa Ýuwaş okeanyň günortasynda ýerleşyän Bugenwil adalarynyň merkezindäki halk ulanýar. Onda bary-ýogy 11 harp bar.

📌ÖÝLENMEK BOÝUNÇA REKORDSMEN
Öýlenmek boýunça rekord goýan Džeýms Greýdiniň rekordyny täzelejek adam ýakyn wagtlarda tapylmasa gerek. Ol öz aýaly Meri Greýd bilen 27 gezek aýrylyşyp
durmuş toýuny tutupdyr.

📌RUZWELD - REKORDSMEN
Bir günüň dowamynda elleşip görüşmek boýunça rekord Amerikanyň prezidenti Teodor Ruzwelde degişli. Ol 1907-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Ak tamyň kabulhanasynda täze ýyl baýramçylygy bilen baglanyşykly gurnalan dabarada 8513 adam bilen elleşip salamlaşypdyr.


Soñy

Taýýarlan: Soltanýaz ŞAÝYMOW.
31
174
melayew
19 Iýun 2024
Bah 🤔👍👍
sh_shamko_
19 Iýun 2024
11 harp bn nadip hat yazyp gurlesyalerka. Gidip bilmeli :)).
ayymsha
18 Iýun 2024
Islam_Atayew
18 Iýun 2024
@ayymsha, bolya
ayymsha
18 Iýun 2024
Dunyadaki sözüñem Dünýädäki ýaly ýazaý
stella_🖤
18 Iýun 2024
her hili rekord baray😅😅😅
ideallider
18 Iýun 2024
Ýaltalykda rekord goýmaly bolsa menem çagyryň, rekord ýelleýänlerem çagyrmaga ýaltanýan😁👍
olia
18 Iýun 2024
In sonkyny yorite sanadylarmyka😄
bilimlije_gyz
18 Iýun 2024
👏bize diňe tuweleme diyaymek galya
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.