Tayler
18.06.2024 08:03
Görmäge göz gerek sonar sährany,
Töwerek al-elwan gül bolup bakýar,
Güneşiň astynda,
Aý yşygynda,
Gijeler, gündizler akar suw akýar.

Tarypyn etmäge mukamçy guşlaň,
Täze mukam gerek ýagşydan ýagşy.
Güneşiň astynda,
Aý yşygynda,
Asmanymam ýagty, ýerimem ýagty.

Akar suwlar bilen
Ap-ak guşlara,
Näzik sesin goşýar mähriban ene.
Her gezek - her säher hüwdilenende,
Düýnem bir mertebe ýigdelýär ýene.

Ýaşyl örtügini zyňyp bir ýana,
Uklaman diň salýar sonarly sähra.
Mertlik, mukaddeslikdolýar dünýäme,
Zemin ýaşadykça ýigdelýär bahar.

Ine, saňa aýdym, ine-de baýram:
Akar suwuň sesi, şat guşuň sesi
Aýlanyp ýör depeleri, gollary
Mährem ýürek sesi -
Ene hüwdüsi.

Çaga gülküsinde, juwan görkünde ,
Säher damjasynda, bahar ýelinde...
Goý, mydama şeýle bolsun, adamlar,
Dünýäň sallançagy enäň elinde.
***
Kepemeýär derýalaryň suwlary,
Belent - belent daglar olaň gözbaşy.
Daglardanam beýik ýürekden çykýar,
Eneleriň egsilmejek gözýaşy.

Bu gözýaşlar köp döküldi ozallar,
Bu garabagyrlar öňdenem kebap.
Indi berin bir bolgusyz zat üçin
Onuň dökülmegne bolmalyň sebäp.

Olar ynjasalar aglarlar hökman,
Olar begenseler aglarlar hökman.
Ýagşymy siz, ýamanmy siz, barybir,
Şu ýönekeý hakykaty unutmaň.

Güneş dänesi dek bu gözýaşlary,
Bir bolgusyz galmagala satmalyň.
Diňe begenende aglary ýaly,
Olary hemişe aýap saklalyň.

Kepemesin derýalaryň suwlary,
Ýykylmasyn beýik - beýik gözbaşy.
Şondan beter aýylganç zat barmykan
Dökülip gutarsa ene göz ýaşy?...



H.Kulyýew
20
31
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.