Tayler
17.06.2024 17:34
Uýalar
Uýalar,
Mähriban,
Eziz uýalar.
Olar seni jandyr dilden söýerler.
Sen bolsa diýersiň saçlaryn sypap:
- Görüň, muňa akmajyk gyz diýerler...
Şeýle sözler bilen gülüp uludan,
Sen uýaň göwnüni edersiň abat.
Seniň aýdan her bir hoş sözüň üçin,
Ýene-de bir ýaşar olar bada-bat.

Bir hanada bile öser ýörersiň,
Ne aladaň bardyr,
Ne-de bir derdiň.
...Gel, uýam, säherler çykyp eýwana,
Bile çekişeli guşlaryň “derdin“

Ine, bir gün uýaň ýokdyr ýanyňda,
Ejeňe, kakaňa berersiň sowal,
- Hany menň uýam?
Hany mähriban?
Bu niçiksi waka...
Bu niçik ahwal?

Ejeň ýylgyrar-da çykarmaz sesin,
“Söýüpdir” diýip guşlar çalar heňini.
Söýen bolsa bolar diýer il-günler,
Saýlap-seçip tapan bolsa deňini.

Şonda haýygarsyň,
Galarsyň haýran.
Soň bar zada aklyň ýeter bada-bat.
Dogany dogandan aýyryp bilejek
Bu nähili zatka...
Söýgi diýlen zat?



H.Kulyýew
24
62
Tayler
18 Iýun 2024
@Bio_girl👩‍🔬💫, gowy, gowy geçýâmi?
Relax
18 Iýun 2024
@Bio_girl👩‍🔬💫, Salam gowy ozin gowmy) yatmak bolyamy shu wagtam)
Relax
18 Iýun 2024
bu nä sessiz otyr hemme)
Tayler
18 Iýun 2024
@Bio_girl👩‍🔬💫, salam, gowmy
littl_moon
17 Iýun 2024
👍👉💛👈
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.