awadan
17.06.2024 13:26
MAÑA BEÝLE EJE GEREKDÂL 2-bolum (bolan waka)
Günlerde bir gije ejem bezenip bilenini bezenip, çalyp bilen krasgasyn gije çalyp otyranyny gördüm we öýe ýene myhman geljegin aňdym.Men ejeme
— ejejan öýe erkek adam getirmäýdä, tirkeşýän joralaryň hem bary gowy däl, barysynyň ýanda her gezek gelende üýtgeşik erkek adam bar, diýdim welin ejem:
- sen namani bilýäň, sen öziň kimden bolanyň bilýärmiň, sen öziň şeýle durmyşdan dunýa iýen çaga, kakaň ejeň kimligin bilýarmiň, seni dogryp çöplüge zyňyp gidipdirler, biz eýe çykmadyk bolsak sen name abat bolarmydyň, ýeriň bil we gaýdyp maňa akyl satma, seniň ganyňdan akyp dura haramlyk ýene maňa akyl satan bolýarmyň diýip meni gapdalynda duran siňek öldurilýan bilen gowy edip urdy.Men şol gije kakajan diýip kakamy çagyryp agladym, kakam hiç wagt maňa çöpden tapylan çöpdüýbi diýmezdi.
Kakam ölmän ejem ölmegin isledim ýöne kakam meni ejeme taşlap eýýam bu dunýede ýokdy .
Men öz otagyma girip özümi öldurmegiň ugryna çykdym, ol barmana ejemiň jorasy ýany erkekli öýe geldiler.
Bir sebap bilen olaryň gurruňini diňlesem ejem aglap bir erkege arzyn aýtýar, kakasy yogalansoň başa gitdi bu gyz diýip.
Ol erkek hem ony yoklap goýber bolmasa pulyn bereýin gowy dostym bar ikinjisi edip saklajak oglan şoňa bereli diýýar, zähram ýaryldy, men heniz 16 hem ýaşamokdym
Bu gürrüňi eşdip ejem meni bir erkege satjak bolýar diýip göni balkondan krawatymyz bardy, oňa çykyp ondan aşak sallanyp, aşaky goňşymyzyň bagyna dyrmaşdym we olaryň aýnasyndaky demirden aslyşyp ikinji etaşdan aşak birinji etaşa bökdim we göni şondan nirdesiň enemler diýip kakamyň iki aýal dogany we ejesininiň ýagny enemiň ýaşaýan obasyna gaýtdymAra daşdy iki etrap geçmelidi. Elimde pulym yokdy.
Ýoldaky taksi sürýanlere aglap kömek edäýiň, enem pulyňyz berer baramyzda diýip taksili gijäň bir wagty gaýdym
Enemlere gelip göni ýykylypdyryn.
Enem görgüli ýagdaýyň gowy däldigin görüp gygyryberipdir.
Taksini ugradyp menden name bolanyny sorap başlady.
Men bolsa geplejek bolýan welin ses çykanokdy.Sesim ýokdy
Etaşdan bökemde elim çykypdyr, süýnkleri çat açypdyr. Onyň dagy agyrsyny hem bilmändirin
Elim gipsletdim bir hepde hassahanada bagdan ýykyldym diýip bejergi aldym .
Bir hepde on günden soň azajyk özüme geldim.
Şol aralykda ejem bir gezek hem enesi Arzuw sizdemi diýip hem habar tutmandyr.
Iki hepdeden soň enemlere gelip ejem aglap eneme gürrüň berýar
- Arzuwjan meni ile masgara etdi, heniz mekdebi gutarmaňka är diýip gaçyp gitdi. Men name etsemkam ,nira gaçanyny hem bilemok iki hepde garaşdym, gaýynlaryndan hem habar hatyr ýok diýip, hakyt ejem men üçin göz ýaş döküp aglap otyr.
Enem bolsa bu çaka çenli çagaň öýden giderde bize aýtmazmyň sen,ol hiç ýerik hem gaçanok ol öýde, gijäň bir wagty elem tas bolup öýe geldi, sen utanmaýaňmy oglymyň giden baýlygy saňa azlyk edýarmi, çagamyň hojalygy dargamasyn diýip bar zatdan geçdik, saňa ynandyk seniň zenanlyk borjyňmy şo, oglymyň heniz gumy solmaňka del erkekleri öýe getirmelimi sen, sen kemçin asyl oglynyň başyn aýlap ol dirikä hem dek dälsiň, ölenine mahetdel esräp öläýdiňmi,diýip enem ejemi ite diýmesin diýip öýden kowup goýberdi
Çaga bilen işiň bolmasyn ozal iki gyzym bolsa bu-da üçunji gyzym borda diýip meni ejeme bermedi.
Ejem gidensoň enemi gujaklap kan agladym, eneme ýalbardym meni oňa berme diýip, name et diýseň edeýin, ýöne meni ejeme berme diýip
Enem balamyň ýekeje dikrary diýip ,öz oglyndan men bolmasamda,gundakly wagtym bu öýe getirlemsoň gaty gowy görýardi we enem meni ejeme bermän öz ýanlaryndaky mekdebe okuwymy geçirtdi.....
(dowamy bar)
25
106
tmyigit76
18 Iýun 2024
@PLANETA, bolýa. men edip bilemok. Relaksa aýtsaň eder
PLANETA
18 Iýun 2024
@tmyigit76, Dos meniň ýazan teswirlerimiň hemmesini pozup bolýamy? Egerde bolýan bolsa şony edelile dos şu wagt
tmyigit76
18 Iýun 2024
@PLANETA, aýdyber
PLANETA
18 Iýun 2024
@tmyigit76, Ämin aýdanyň gelsin! Dos senlik bir hyzmat bardy, has dogrusy haýyş bar senlik...
tmyigit76
18 Iýun 2024
@PLANETA, sag bol. Hemmämiziňki bile bolsun
PLANETA
18 Iýun 2024
@tmyigit76, Howwa menem gowy Allaha şükir. Mukaddes Gurban baýramlaryň gutly mübärek bolsun!
tmyigit76
18 Iýun 2024
@PLANETA, Salam. Gowy. Gowmy özüň
PLANETA
18 Iýun 2024
@tmyigit76, Salam dos. Gowmy ýagdaýlaryň
tmyigit76
18 Iýun 2024
Gyzykly eken.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.