Tayler
17.06.2024 08:37

"Hat gelmedi" diýip çekmegin gussa,

Gaýtam garaş öňküdenem on esse.

Mendirin- şol alabahar günleri

Agaçlar pyntyklap,

Şemal öwüsse.


Oglanlaň köpüsi barandyr gaýdyp,

Sorasaň, salamym bererler aýdyp,

Bardyryn men,

Ýaşap ýörün sag-aman

Göwnüňe getirme ýokduryn öýdüp.


Ýalňyz günüň sora ýalňyzlygyňdan,

Gamgyn günüň sora gamgynlygyňdan,

Güneşden, ýeňişden , aýdymdan sora,

Olar saňa habar ýetirer menden...


Ýene-de nämeler aýtsamkam saňa,

Şeýle bir gürrüň kän aýdyp-diýere,

...Gije ornun berip gyrawly daňa,

Ýene bahar geldi biziň bu ýere.


Yranyşyp berýozlaň şahasy,

Aýdyma başlardy telleri bilen,

Örtüldi üstümiz al-elwan bolup,

Eneleň getiren gülleri bilen.


Boýny galstukly sakçylar gelýär,

Gülleň terligini saklamak üçin.

Ter gülleri - ter dünýäni syn edip,

Aýlanyp ýörüs biz älemiň üçin.


Gursagy nygmatly pasyllar

Gelýär,

Ilkinji sowgadyn bagryna basyp,

Ine, şeýdip ýaşap ýörüs müdimi,

Dünýäniň sesine biz gulak asyp.


Bilýän hat gelmesi kesildi diýip,

Gijeler, gündizler garaşansyň sen,

Berjaý edip ýörkäm soňky

buýrugy...

bu haty ýazmaga ýetişmedim men.





H.Kulyýew

24
56
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.