Ýakynda seýrek astronomiki hadysa bolup geçer – Aý hereketini togtadar (ýa-da Aýyň uzak durmasy bolar). Bu hadysa 18,6 ýyldan bir gezek bolup geçýär diýip, Live Science neşiri habar berýär.
Bu hadysa soňky gezek 2006-njy ýylda bolupdy.
Aýyň uzak durmasy Ýeriň we Aýyň orbitalarynyň eňňit görnüşde gyşarmasy iň ýokary derejä ýetende ýüze çykýar. Bu döwürde Aý diapazonyň iň çetki nokatlarynda: demirgazykda we günortada dogup-batýar. Ol demirgazyk-gündogardan dogup, demirgazyk-günbatarda batýar, şeýle hem günorta-gündogardan dogup, günorta-günbatarda batýar.
Aýyň uzak durmasy wagtynda Stounhenj ýaly köp gadymy desgalar Aýyň dogýan we batýan nokatlaryna gabat gelýär, bu bolsa gadymy adamlaryň oňa aýratyn ähmiýet berendigini görkezýär.
Aýyň ýetip gelýän uzak durmasynyň iň ýokary derejesi 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda we 2025-nji ýylyň martynda bolar. Onuň görünmegi, esasan, aýyň fazasyna, syn edýän adamyň ýerleşýän ýerine we howa şertlerine baglydyr. Syn etmek üçin iň amatly wagt - Aýyň dogup, Gün ýaşyp batýan wagty.
Aýyň indiki uzak durmasy 2042-nji ýylda bolar diýip garaşylýar.
tmcars