MAÑA BEÝLE EJE GEREKDÂL BOLAN WAKA (1-nji bolumi)
Eje diýmek nähili mähriban eşdilýar, ýöne kimlere?
Eje nähili mukaddesdir ýöne haýsy eje?
Men beýdip durmaýyn we başdan, öz başymdan geçen geçen durmyşymy gürrüň bereýin
Meniň kakam ýurdyň içinde köp hem däldir,beýle adamlar sanalgyjadyr, indi girdenekler,ýagny boýy aşa kiçi adamdy.
Onyň uly söwdä dükany bardy.
Boýynyň kiçiligine garamazdan ol durmyşda gaty erjel we baý adamdy.
Kakam söwda bilen başagaý bolup ýörkä bir ärinden aýrylyşan zenan bilen tanyş bolýar we ol zenan kakama öz başyndan geçen durmuşyny aýdyp beripdir.
Kakam bolsa ýüregi yuka adamdy. Ol bu zenana maddy kömek berip başlaýar, haçan gerek diýen wagty maşyn pul bilen üpjün edip ýardam, kömek berip başlaýar.
Wagtyň geçmegi bilen kakam bu zenan bilen goşyn birikdirýär.
Ana kakam hem hemmeler ýaly maşgalaly, hojalyk bolýar.
Ýaşaýyş dowam edýar .Kakamyň welaýat merkezde 4 otagly özbaşdak jaýy bolup onda ýaşap başlaýalar.
Öýde undi diňe çaga ýetenok. Bir çagajyk gyzlyk almagy bular ýüreklerine döwýäler.
Bularyň bu arzuwy uzaklaşman durmuşa geçýarGünlerde bir gün ýakyn çaga dogulýan bölümiň daş ýüzündaki çöplüge, ýalan söýgüniň gurbany bolan, doglanyna sanlyja sagat hem geçmedik çagany musur zyňan ýaly zyňyp gitýäler.
Bu çagajygy kakam tanyş bilişleriniň üsti bilen özine gyzlyk edip alýar we bar gerekli resminamalary kakasy, ejesi ýerine kakam öz adyn ejem hem öz adyn goýyp düzeldip, gyzlyga alyp arzuwlary hasyl bolýar
Bular bu gyzjaga arzuwmyza ýetdik diýip Arzuw diýip at goýýalar. Ine şo çöpüň düýbüne zyňlan gyzjagaz bolsa men ,adym hem Arzuw
Kakam meni gaty eziz görýardi.
Özünden bolan bolmasada meni ýeke ýerde çöpüň duýbinden tapylan çöpdüýbi diýip hiç wagt meni kemsindirmezdi.
Ol aşa baý adam bolansoň meniň ýaşlygym bol telkilikde geçdi.
Ýöne ejem welin beýle däldi.Ol kakamyň aşa sadalygyndanmy ýa aşa ejemi gowy görýandenmi ,bilemok peýdalanýardy we kakam ýokga maňa sögende "haram çöpdüýbi "diýip sögerdi.Men ol söziň manysyna düşunmesemde gowy söz däldigin bilýärdim
Wagt geçdi men 14-15 ýaşadym. Ol ýyllarda kakam ahyr nasaglady we uzak ýatman ýürek infartyndan aradan çykdy.
Ol bu dünýaden ötmaňkä bar ýaşan döwründe gazanan baýlygyn jaýy, maşyny,puly ejem hossarlygynda meniň adyma dokumentalniý geçirip gitdi.
Onyň beýle edenini diňe kakamyň iki aýal dogany, enem we ejem bilýardi.
Men ejem bilen bile ýaşlap başladym. Ejem kakam ýogalandan soň öýe her hili erkek adam getirip başlady.
Olar meýlis gurnap dürli içgiler içip, soň kakamyň otagyna girip daňdan haçan çykyp gitýanlerni welin bilemokdym, ýöne ol gelen hökman şo gije bizde ýatyp gitýärdi.
Bu bozgaklyk günde gaýtalanyp durýardy. Men bolsa olara çaý demlap bermelidim. Men ejemiň edýan zatlaryna doly düşunmesemde şol erkekleriň oýnamaga gelmeýani bellidi we kakamyň azap edip gazanan zatlary harama gidirýanini welin men çala düşünýardim
Dowamy ucin Like basyp gollap bilersiniz ♥️👈🏼