Antarktidanyň buz gatlagynyň astyndan ýaşy 1 milliard töweregi bolan dag jynslarynyň nusgalary alyndy diýip, TASS habar berýär.
Taslamany akademik I.S. Gramberg adyndaky Bütinrussiýa Dünýä ummanynyň geologiýasy we mineral baýlyklary ylmy-barlag institutynyň alymlary (WNIIOkeangeologiýa) hytaýly kärdeşleri bilen bilelikdäki amala aşyrdylar.
Nusgalar Antarktidanyň esasy ýerli belentliginiň ýokarsynda, magnit anomaliýasynyň merkezinde burawlanan 550 metrden gowrak çuňlukdaky guýynyň düýbünden alyndy.
Bu dag jynslary giçki Proterozoýda, ýagny Ýer ýüzünde Rodiniýa super yklymy emele gelen wagty dörändir diýip çak edilýär. Nusgalary öwrenmek alymlara magnit anomaliýasynyň gelip çykyşyny, şeýle hem Antarktidanyň we umuman, planetanyň geologiki taryhyny açmaga kömek eder.
Barlaglar Hytaýyň Geologiýa ylymlary uniwersitetiniň WNIIOkeangeologiýa barlaghanalarynda geçiriler. Buzdan dag jynslary Arktika we Antarktika institutynyň howanyň we daşky gurşawyň üýtgemegi barlaghanasynda öwreniler.
Tmcars