Tayler
16.06.2024 00:02
Käte ýalňyzlykda otursam özüm,
Käte gaharlanyp, çytylsa ýüzüm,
Käte ukym gelip, ýumulsa gözüm,
Teşne ýürek jemalyňa suwsaýar,
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.

Göreşlerde gujur bilen baglansam,
Üýşmeleňde alkyş bilen ýatlansam,
Arzuwlarym göge galyp şatlansam,
Ýa-da hasrat ýürek-bagrym gyýsa, ýar!
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.

Bahar geler, güller bilen şaýlanyp,
Seýran etsek baýyrlary aýlanyp,
Akja bulut «Ýagsammy» diýip oýlanyp,
Çagba gelip suw –sil edip guýsa, ýar,
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.

Meýdana ýazylypdyr bahar halysy,
Gel, bile keşt etsek ýakyn-alysy,
Maňa at goýdular: «Yşkyň dälisi».
Men nädeýin ýürek şeýle söýse, ýar!
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.




H.Kulyýew
17
125
gulia_maksatmyradowna
16 Iýun 2024
Nm üçin 🙄🤷‍♀️ men teswir pozýançy dälä😅
gulia_maksatmyradowna
16 Iýun 2024
@A_E_M, arzuw senmiň gyyy🧐
gulia_maksatmyradowna
16 Iýun 2024
@A_E_M, wah men nä bileýin teswir ýazyp pozýançylaň öwrenmelide höküm sürýänini😒🙄😅
gulia_maksatmyradowna
16 Iýun 2024
🙄 şonça teswiri pozupsyňyz meňkilerem aýyraýmalyda ýetişikliler😁
Tayler
16 Iýun 2024
Sözüň güýji😅@gulia_maksatmyradowna,
gulia_maksatmyradowna
16 Iýun 2024
@Tayler, bäh o nä beýlekä😁
Tayler
16 Iýun 2024
@gulia_maksatmyradowna, şeýledir💯
gulia_maksatmyradowna
16 Iýun 2024
@Tayler, şeýlemikä ýa🥱🤔
Tayler
16 Iýun 2024
@gulia_maksatmyradowna, teswirimden soň basansyň😅
gulia_maksatmyradowna
16 Iýun 2024
@Tayler, 🥱 basdymam welin ukym tutýara😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.