awadan
15.06.2024 23:55
Arwahyň aglan gijesi 5-nji bölümi

Aýjahan sese üns bermän ýatmakçy boldy.Emma ýatyp bilmedi.Ses şeýlebir sojap zaryn aglaýardy welin eşitdigiňçe ýüregiňi elendirip gelýädi.
Aýjahan Aýnury ukydan oýarmagy ýüregine düwdi:
-Aýnur,turaýda! Eşidýäňmi biri aglaýarmy?
-Gijäň ýary kim aglasyn gyz ýat,basyrganýansyň!-diýip Aýnur ýene uklap galdy.
Aýjahan sesiň diňe özüne eşidilýänini şonda düşündi.Ýöne näme üçin beýle bolýanyny welin hiç düşünmedi.Düýşindäki arwah bilen gyzyklanyp düşen günini ýatlap,arwah bilen gyzyklanmagada gorkdy.Aýalyň zaryn agysynyň sesi bolsa şol eşidilip durdy.
Sagat daňdan 5-e golaýlady.Aýjahan henizem ýatyp bilenokdy.Gulagyňa biriniň agysy eşidilip dursa her kimem ýatyp bilmese gerek.Daň agaryp başlady.Agy ses kem-kemden peselip,ahyram ýitip gitdi...
Aýjahanyň hiç zat bilen hoşy bolmady.Sebäbi bir hepdeden bäri gijeligine eşidilýän agy ses sebäpli ýatyp bilenokdy.Aýjahan işde wagty gaty köp oýlanyp bu ýagdaý barada ejesine aýtmagy ýüregine düwdi.
Agşamlyk nahardan soň ejesini ýeke galan wagty Aýjahan ejesine ýüregini açdy.
-Eje soňky günler hiç ýatyp,ukymy alyp bilemok.Gijesi bilen kimdir biri aglaýan ýalymy,gürleýän ýalymy sesler gulagyma gelip hiç dynç almaga goýanok.Indi menä halys boldum.-diýip gözüne ýaş aýlap aýtdy.
-Wah,jan gyzym diňe iş diýip ylgap,dynç almany ýatdan çykardyňa sen.Bolmanam şol kompýutr diýen zadyňyza köp seredip otursaň,gulagyňa sesem eşidiler,kelleňä her-hili pikirem geler-diýip ejesi gunça ýaly gyzynyň halyna gynanyp aýtdy.
-Wah,ejejan işem geregä.Dynjam aljak welin dynç almaga goýanoga ol ses meni-diýip Aýjahan ýene aglamjyrap başlady.
-Işiňem goý,beýlekiňem ertiriň özünde işiňden 3-4-günlik rugsat al.Aýnuram ýanyňa alda,360-pirlere zyýarat edip gel,kerematly adamlaryň ruhy saňa goldaw berer hemem kelläň dynç alar-diýip ejesi aýtdy.
-Rugsat bererlermikä?-diýip Aýjahan aladalandy.
-Bererler,bermeselerem işiňden galda gidip gel.Iş diýip beýdip özüňi köseme!-diýip ejesi mesäläni çürt-kesik etdi.
Aýjahan ertesi işden rugsat alyp,jigisi Aýnuram ýanyna alyp,goýny 360-pirli Daşoguz topragyna ýola düşdi.
Ýolda Şirhan atly ýigidiň duşjagyny,onuň zyýarat wagtynda özlerine ýoldaş boljagyny,zyýaratdan soňra durmuşynyň düýpgöter üýtgejegini we al-arwahlar hakdaky pikirleriniň ýadynada düşmejegini Aýjahan entek bilenokdy...
Awtory:Şirhan2612
SOŇY.
21
82
novgul25
16 Iýun 2024
Dovamy hacan bolarka
gulyaalllanurova
16 Iýun 2024
Gaty govy
gormegeyje
16 Iýun 2024
Hekaýa gaty gowydy 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.