Voracious neşirýaty Kwentin Tarantinonyň “Günlerde bir gün... Golliwudda” («Однажды… в Голливуде») we “Şöhratsyz deýýuslar” («Бесславные ублюдки») filmleriniň önümçiligine bagyşlanan iki kitaby anons etdi. Kitaplaryň awtory – “Sugun awçysy” («Охотник на оленей») we “Guduz öküz” («Бешеный бык») filmleriniň surata düşürilişi baradaky eserleri bilen tanalýan Jeý Glennidir diýip, Deadline ýazýar.
Kitaplara sözbaşylary Tarantinonyň özi ýazar, ol eýýäm Glenni bilen hyzmatdaşlykdan begenjini paýlaşdy.
“Meniň kolleksiýamda Jeý Glenniniň kitaplary bar, men olary hemişe gowy görýärdim – aýratynam, onuň “Sugun awçysynyň” döredilişi baradaky eserini. Men filmlerime çuňňur girişjek şondan gowy adamy tapyp bolmajakdygyna ynanýaryn” – diýip, Tarantino aýtdy.
Glenni režissýor bilen birnäçe söhbetdeşlik geçirip, surata düşüriliş prosesi, ssenariýa, kasting, wizual effektleriň we saundtrekiň döredilişi barada jikme-jik maglumat aldy. Kitapda Tarantinonyň şahsy arhiwleri we 50-den gowrak aktýorlaryň hem surata düşüriji toparyň agzalarynyň gürrüňleri hem ulanylar.
Kitaplaryň 2025-nji ýylyň güýzünde çykmagyna garaşylýar.
“Günlerde bir gün... Golliwudda” (2019) filmi dünýäde 377 mln dollar girdeji ýygnady, “Şöhratsyz deýýuslaryň” (2009) girdeji ýygymy bolsa 322 mln dollar boldy. Filmleriň ikisi-de birnäçe “Oskara” dalaşgär görkezildi, “Ikinji plandaky iň gowy erkek keşbi” üçin heýkellere mynasyp boldy.
Öň, Kwentin Tarantinonyň “Kino tankytçysyny” surata düşürmejekdigi belli boldy. Film režissýoryň karýerasynda onunjy we iň soňky taslama bolmalydy.
Tmcars