ilhano_va
15.06.2024 02:54
Söz­ler söz­le­mä­ge ber­len när­se­dir,
Oý­na­mak üçin däl,
Sö­gün­mek üçin däl,
Ýoý­mak üçin däl!
Dän, ýü­re­gim, ýa­man päl­le­riň ne­dir,
Heý, söz­ler bi­le­nem oýun edip bor­my?!
Ili ok­lar bi­len oý­na­dyp bor­my?!
Bar­my ýa­lan söz­den baý­na­ýan, ba­ýan,
Aýan, ýa­nan söz­den ýü­re­gi ga­na:n.
Söz ot­dur, söz köz­dür, söz­ler­de ýa­lyn,
Söz bi­len kal­by däl, pis­li­gi ýa­kyň,
Pes­li­gi ýa­pyň!
Ka­kyň söz­ler bi­len Ha­kyň der­gä­hin,
Ha­kyn alyň ejiz­le­riň, erk­le­riň.
Söz bal­dyr, söz gül­dür, ge­rek­se, gül­dir,
Ge­rek­se, ýe­ke­je özi hem öl­dir.
Ýok, söz bi­len öl­dür­mäň siz, gül­dü­riň!
Ýa­ma­na: «Ýag­şy» di­ýiň, gaýt­syn pä­lin­den,
Ýag­şy söz­läň, çyk­syn ýy­lan hi­nin­den.
Diň­läň ha­ky­ka­ty söz­län şa­hy­ry,
Hoş söz­den su­war­lan kö­ňül sol­ma­ýar,
Hak söz­le­ri ýa­zan şa­hyr öl­me­ýär.
Şy­gyr­da söz­le­riň en­we­ri ýa­tyr,
Hak söz­de şy­gyr­laň ser­we­ri ýa­tyr.
Öýt­me­gin söz­le­riň tä­si­ri ýet­mez,
Aý­dan sö­züň sen­den daş­la­şyp git­mez.
Gör, kim­ler hak sö­zi öçü­rip otyr,
Şa­hyr yk­ba­ly­ny gö­çü­rip otyr...

Nury Sakçyýew
17
55
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.