Tayler
14.06.2024 08:48
Aýdylmadyk sözler
Seniň ýok wagtyňda seni taryplap
Gijeler ýatmadym goşgular goşdum
Sen maňa mydama bolsaňam ýakyn
Seniň yanyňdakam sen maňa daşdyň

Zöhre ýyldyzy dek alysdyň menden
Mawy gözýetimden salardyň ýerden
Yzarlap,yzarlap, barsamam, ýene
Güýçlenerdi derdim
Gowşardy erkim

Ýygralyk boldumy, ýaşlyk boldumy
Sadalyk boldumy...bir zada boldy
Ýyllar boýy ýüregimde ýer eden,
Aýdylmaly sözler aýdylman galdy

Aýdylmadyk sözler bilen ulalyp,
Aýdylmadyk sözler bilen söýdüm men
Ahyr olar böwsüp çykdy ýüregmi
Ýasadym olardan ajap aýdym men

Ol aýdymy diňläp görseň her haçan
Bagt dumany gaplap alar seriňi.
Aýdylmadyk sözler aýdarlar saňa
Bir ýürek däl, ýüz ýüregiň syryny

Söýmeseň-de alabahar gary dek,
Pagyş-para eräp, dişlärsiň barmak
Meniň üçin ajaýyp bir ýeňişdir.
Daş dek bir ýüregiň ereýşin görmek.



H.Kulyýew
21
37
kolinm
14 Iýun 2024
👍🏻👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.