flowers_
14.06.2024 07:46

Gurban aýy barada Resul alaýhyssalamyň aýdanlary.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim gurban aýt gijesi on iki rekagat namaz okasa, her rekagatda bir ýola «Fatyha», bir ýola «Aýatul kürsi», bäş ýola «Kulhuwallahu ahady» okasa, ol bende misli ýylan possundan jyda bolan dek günäden jyda bolar. Ol bendäniň amal depderine segsen ýyllyk tagatyň sogaby ýazylar. Ol bendä jennetde on müň hüýrler berer. Ýene ol bendä on müň hülle berer. Ýene ol bendeden gör azabyny göterer. Ýene ol bendäniň tarapyna jennetden iki işik açar. Onuň biri sag ýanyndan, beýlekisi, sol ýanyndan bolar. Kyýamat güni jennete bihasap girer.

Artyk sogaply günleriň biri gurban günidir. Resul alaýhyssalam:

— Günleriň iň oňady gurban günidir – diýdi.

Äşe Syddyk (Alla ondan razy bolsun!) Resul alaýhyssalamdan rowaýat etdi. Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Bilgil, kim gurbanlyk etse, Allatagala Syrata ol gurbanlygynyň ganyny, ýüňüni, şahyny, siýdigini we gulagyny nur eder. Allatagala ol bendä gurbanlygyň ýüňüniň sanyça hüýr-gulman (hyzmatkär oglan) berer. Ol gurbanlygyň başy ol bendä kyýamat güni saýa bolar. Gurbanlygyň süňkleri ol bendäniň iki aýagyny mäkäm eder. Syratda guýrugy dereje bolar. Jennetde gurbanlygyň derisi ol bendäniň mizanyna agyr bolar. Gurbanlygyň ýüňi hülle bolar. Her wagty mömim bende gurbanlygy söýdi, eyse gurbanlygyň gany döküldi, ol bendäniň günäsi hem misli sowuk uran daragtyň ýapragy dek döküler.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Gurbanlygy ulu we semiz maldan ediň. Ol size Syratyň üstüne münen günüňiz ulagyňyz bolar. Şahyndan tutar ýaly, şahly haýwandan ediň.

Çeşme: “AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI” kitaby, sah: 300.
(AŞGABAT «MIRAS» 2004).

24
75
flowers_
14 Iýun 2024
@manolya, 🙄geñ görme keýgim menden🤦‍♀️
manolya
14 Iýun 2024
@flowers_,menem gowylaý 😂 taňryýalkasyn soranyňa
flowers_
14 Iýun 2024
@manolya, gowy Hudaya sukur
flowers_
14 Iýun 2024
manolya
14 Iýun 2024
@flowers_, 😅 gowmy ?
tmyigit76
14 Iýun 2024
Bu ýyl aýt gijesi 15-nji iýuna düşýär öýtýän
flowers_
14 Iýun 2024
@manolya, sen tarhan name etseñem bolar😁, Salam!
manolya
14 Iýun 2024
@flowers_, gapyňy barmagym bilen tyrk tyrk edip kaksam näme bolar ? )Salam
flowers_
14 Iýun 2024
@milaya_mm, goýular nesip bolsa hõwesjeñ dereje al, gowja postlar paýlaşyp
flowers_
14 Iýun 2024
@Kenno_Tabi, Ämin, ähli musulman ymmatynyñky mübärek bolsun!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.