Tayler
13.06.2024 11:02
Söýgi bilen dolumydy kükregiň
Ýa-da özüň durşuň bilen söýgümi
Ygşyldadyp gülälekleň ýapragyn
Durmuş berdi maňa seniň aýdymyň.

Hasrat bilen dolumydy gözleriň
Ýa-da özüň doňup galan gaýgymyň?
Ygtyýarym elden alyp sözleriň
Meni derde goýdy seniň aýdymyň.

Ýa şatlyga ýugruldymy ýüregiň
Ýa baharlar joşup akýan derýamyň?
Seni diňläp hem söýgüden, hem gandan
Hem şatlykdan doldy meniň çar ýanym.

Goý, ýaşasyn aýdym!-Seniň aýdymyň
Ömrüm boýy, gel, çalaýyn sazy men
Diňe seniň aýdymlaryň özi üçin
Bu dünýäden müň bir gezek razy men.



H.Kulyýew
21
24
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.