awadan
12.06.2024 14:45
ARWAHYÑ AGLAN GİÝJESİ 2-NJİ BOLUMİ
Birdenem koridordaky sagada gözi düşdi.Sagat 10 (22)-diýmek ýene dört sagat wagt bar.Birdenem kinolardaky gorkunç wakalar göz öňüne gelip başlady.
"Häzir gapyny açaryn,çyrany ýakmankamam bir arwahyň otagyň burçunda maňa garaşyp duranyny görerin,arwahyň uzyn,bulaşyk saçlary,gan akyp duran agzyndan çykyp duran dört sany dişi,çym gyzyl gözleri bardyr we otaga girenimden ol meni uzyn dyrnakly elleri bilen bogup başlar..." Aýjahan şeýle pikirler bilen gapyň agzyna geldi.Gapyny açmak üçin ýürek gerek,ondada nähili ýürek...Ol özüni gorag bolar diýen umyt bilen öýdäkilere bildirmän sübse alyp geldi.Soňam öz bolup ýörşüne özi gynandy.Sebäbi ýönekeýje tam süpürilýän sübse bilen arwahy uryp bolýamy.
Näme bolsa,şol bolsuna salyp,gapyny açyp,özi girmän eli bilen sermeläp çyrany ýakdy.Ýuwaşjadan otagyna seretdi.Otagda hiç kim ýok,hemme zat ýerbe-ýer.Ýaňybir otaga girjek wagtam,arka tarapdan kimdir biri egnine kakdy.Aýjahanyň aýaklary ysgyndan gaçyp,tasdanam ýykylýady,zordan gapa ýapyşyp galdy.Yzyna öwrülip seretse:
-Ufff,eje senmidiň? Ýüregimä ýardyň,gijäň ýary näme edip ýörsüň?-diýdi.Gijäň ýary saňa sübse nämä gerek?-diýip ejesi haýran galyp sorady.
-Aýýý...ýöne...otagymy süpürip ýataýaýyn diýdim.
-Ertir süpürseňem bolar,ýatyp dynjyňy al gyzym-diýip ejesi öz otagyna gitdi.
"Tasdanam masgara bolýadym." diýip gahar bilen diwanyna geçip oturdy.Birdenem ýaňky gorkusy ýadyna düşüp,nädip ýerinden turanyny bilmän galdy.
Otagyň içi "suw sepilen" ýaly."Belki goňşular aldandyrlar ýada ýörite gorkuzmak üçin aýdandyrlar"-diýip Aýjahan öz-özüni köşeşdirip başlady.Ýöne özüni näçe köşeşdirsede otagda kimdir biriniň bardygyny ýüregi bilen duýdy.
"Özüňi ele Aýjahan.Hemme zat gowy.Bu zatlar seň göwnüňedir.Özüňi ele alsaň hemme zadam geçer.Eger çyndanam arwah bar bolsa bu gorkunç däl.Olam bir wagt adam bolandyr.Onuň bilen gürleşip bolsa gowy bolardy." diýip pikir etdi we ünsini sowmak aýnaň öňüne baryp saçyny darap başlady.Şol wagtam birwagt dünýäden öten garry enesiniň: "Gyzym gijeligine aýna seretme,saçyňam darama,gowulyga ertmez,erbet bolar."diýip aýdan öwütleri ýadyna düşüp,elinden daragy gaçyrdy.Daragy almak üçin egilip,daragy alyp aýna sereden wagty aýnadaky "Menden gorkaňokmy?" diýip gan bilen ýazylan sözleri görüp,atylyp otagdan çykanyny özem bilmän galdy.Kakasynyň TW görüp oturan otagyna bardy we näme diýjegini bilmän:Kaka menem biraz TW görsem bolýamy? Näme üçindir ukym tutanok.-diýdi.Kakasy gözüni TW-den aýyrman:
-Ýok gyzym,ertir irden turmaly.Ertir edilmeli işler köp,ejeňe kömekleşmeli.Gowysy ýeriňe geçip ýat-diýdi.
Aýjahan alaçsyz yzyna gaýtdy.Ýene ýaňky hereketlerini gaýtalap otagyna girdi we töweregine seredip:
-Haýyş edýän bar bolsaň özüňi görkez! Meni gorkuzjak bolup azarada galma,barybir senden gorkmaryn.(Gorkunç kinolardaky käbir arwahlaryň gorkman,gözüne seretseň,arwahlaryň zat degmeýänini görüpdi,şonuň üçinem özüni batyr edip görkezjek bolýardy.) Gowysy gel...neme...gürriň edeli.
Ses-üýn ýok.Ýazgam ýazylmady.Ýaňky ýazgam ýok.
Awtory:Sirhan2612
22
101
perijik
14 Iýun 2024
👍👍
2106
14 Iýun 2024
👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.