Tayler
12.06.2024 13:34
Gülüm duşuşmaga söz berdi maňa
Duýdurman gel diýdi. Geldim ogrynça
Çalaja tolgunyp, garaşdym oňa
Bilbile duýdurman gülden ogrynça.

Dolan aý ýalbyrap, asmana galdy
Kümüş şöhlesini her ýana saldy
Gülüm gyzyl geýnip, gujagma doldy
Sypadym zülpüni ýelden ogrynça.

Çal bulutlar pytyrap, syryldy perde
Bahar ýeli oýun gurdy bar ýerde
Menem gül içinde-çolaja ýerde
Öpdüm söýgülimi ilden ogrynça.

Bagt bilen balkyldap ýarymyň gözi
Bagyň güli ýaly görk berdi gözi
... Ýok, garradyp bilmez ýyllar hem bizi
Ýaşaýas ýar bilen ýyldan ogrynça.



H.Kulyýew
38
728
Tayler
17 Iýun 2024
@garlawac, minnetdar 👍
Tayler
17 Iýun 2024
@garlawac, like üçin minnetdar!
Tayler
13 Iýun 2024
@black_heart🖤, 👍
Tayler
13 Iýun 2024
@black_heart🖤, hâ, ýo giremok, öňumden çyksa skaçat ederindâ onna
Tayler
13 Iýun 2024
@black_heart🖤, nm ün soradyň🤔
Tayler
13 Iýun 2024
@black_heart🖤, hou, aýdyber
Tayler
13 Iýun 2024
@black_heart🖤, ol oba🤔🤷🏻
Tayler
13 Iýun 2024
@black_heart🖤, thanks😅
Tayler
13 Iýun 2024
@black_heart🖤, netijâni aýdarsyňda😅😅
Tayler
13 Iýun 2024
@black_heart🖤, erbedâý senem 😎😅
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.