flowers_
12.06.2024 11:27
Meniň aforizmlerim.

"Gaýky bilen küýkini gabyr düzeder" diýýärler welin, aslynda düzelmejek gabyrda-da düzelmez. Düzeläňde-de, pany dünýeden bakyýa gideniňde "küýki-gaýky" ady giden bolsaň, o dünýe-bu dünýe tagmaňy aýyrjak kişi ýok.
***
"Hal-ýagdaý neneň?" soraga gözügidijilik ýa haýpygelijilik nazary bilen garamazlar ýaly ortatap jogaby nädip düzmeli?
****
Motosikletçä: kelläňe kaskaňy geýseň-geýmeseň trawmatologa bildirýän zady ýok, sebäbi iki şertde-de onuň etmeli işi ýeňilleşýär.
***
Wepaly bolmak diňe itiň maňlaýyna ýazylmandyr.
***
Ol hemmelerden has öňe saýlandy welin, ýeňsesine depen bolaýmasynalar.
***
Ç. Darwine: elbetde men adamdygyma şükür edýärin, ýöne maýmynyň gelejegi has emendiriji.
***
Ç. Darwine: eger-de adam maýmyndan emele gelen bolsa, onda onuň ruhy kimden dörän?
***
Sen oňa “samsyk” diýip, öz akyllygyňy subut etjek bolýarmyň?!
***
Eger sen samsyk bolsaň, muny her gün subut etmegiň hajaty ýok.
***
Meniň öýüme geleniňizde, gapymy ýüregiňiz bilen kakyň.
***
Hakyky bolan wakany gürrüň bersem şübheli garaýarlar, çynaberimsiz bir zat aýtsam welin, haýran galýarlar.
***
"Taryh kafedrasy" ýazgyly belgini aýyryp, ýerine "Rowaýatlar we ertekiler kafedrasy" ýazgyly belgini asypdyrlar.
***
"Akmak" diýip ýüzlenenlerinde göwnüňe alan bolsaň, hakykat bolaýmasyn?!
***
Öňüme goýulan her bir böwet meniň üçin ýokary galmaga basgançakdyr.
***
Ulylaryň diýenini etmedik kiçiler üçin ulularyň uwlaýan wagty hem seýrek däl.
***
Garantga ynamyň ýok bolsa, onda uzakly gün mellegiňden çykma.
***
Egilseň—ezilersiň, bükülseň—döwülersiň.
***
Ynsanyň iň gymmatbaha (bahasyz) zatlary—onuň saglygy we şahsy wagtydyr. Her kes diňe öz saglygyny berkidip, şahsy wagtynyy önjemli ulanmak bilen çäklenmän, kişiniň saglygy barada alada edinip, kesekiniň şahsy wagtyny bisarpa ulanmazlygy endik edinmelidir.
***
Şa tagtyny teklip etseler, oňa münmäge howlukmaly däl, ol kürsi şagallaryň ýa-da eşekleriň patyşalygyna degişli bolmagy mümkin.
***
Adamlaryň käbiri eşidip, diňlemeýärler; seredip, görmeýärler; okap, düşünmeýärler; diňläp hem, görüp hem, düşünip hem duýmaýarlar.
***
Ynsanyň duşmanlary garyplygam, mätäçligem, güýç-kuwwatsyzlygam däl, onuň ganym duşmany—nadanlyk. Ilkinji üçüsinden halas bolmak umydy bar, nadanlyk—ömürlik hunaba.
***
Çaşygöz baý ogly kän samrar,
Çaşygöz baý gyzy är dannar.
****
Ýaňra adam
Oňa giç dil biten bolmagy mümkin, çagaka az geplän döwrüniň öwezini doljak bolýandyr.
***
Kerrew.
Söhbetiň iň hezil ýeri gelýär welin, turýa-da gidiberýär.
***
Semiz erkek adam
Hemme agzalarynyň ýerbe-ýerligine göz ýetirmek üçin ýüz görülýän aýna ulanmaly bolýar.
***
Tarhandökerlik (jomartlyk) bilen baýlyk bir adama berilmändir.
***
Adyl şa ýok ýerinde eşek şazada bolar.
***
Ogrylaryň piri—Düňk-Düňk baba. Şol ak pata bermese, ogullaryň ýa inžener, ýa alym, ýa-da filosof bolup ýetişýär.
***
Hawa-la, inerem, maýa-da—ikisem düýedir-dä.
****
Dowar sürüsiniň hataryna sygmaýan bolsaň onda sen goýun däl.
***
Her bir geometrik şekil özboluşly owadan.
***

©Kakajan Balkanow.
25
60
flowers_
12 Iýun 2024
@Tayler, 🤗
Tayler
12 Iýun 2024
👌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.