Paradise
11.06.2024 12:07
«MEŇ KALBYMDA...»

Meň kalbymda Güneş bolup,
hemişelik dogan Sen bar.
Meň dünýämde dogan Güne
ýaşma-da ýok, batma-da ýok.
Gursagymda hiç öçmejek,
ýanyp duran Narym barka,
Men gözümi ýumsam,
bolmaz...

Meň içimde birde: «Ters-ters!»,
birde: «Dürs-Dürs!» diýýän ses bar.
Birde kalbym ornunda ýok, birde bolsa...
...ähli ýürek meň içimde urýan ýaly...
Gursagymda sem bolmajak
Ynsap sesi ýaňlanýarka,
Men eştmedik bolsam,
bolmaz...

Her nepesim hamd-u-sena,
zikire, şüküre öwrülýär.
Dileglerim-dogalarym gaýtalanýar,
gaýtalanýar.
Meň kalbymda millionlaryň arzuwlary-arzy barka,
Dymsam,
bolmaz...
Dymsam,
bolmaz...


Laçyn Pürjäýewa
11
28
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.