alma___
10.06.2024 08:44
Adamzat

Perzent dyrnagyna zar bolup ýaşan,
Başganyň balasyn bagryna basar.
Taňry 10-lap perzent berse adama,
Her gün çybyk bilen dyrnagyn keser.

Ene-atanyň mährin görmedik ýetim,
Jany ýanyp aglar, köpüň içinde.
Ene-atasy barlar bolsa, näme üçin,
Īdeýärler işi-işden geçende.

Deň-duşundan şarpyk iýen oglanjyk,
Ýaşa bogulyp aglar, dogansyzlykdan.
Köpler bolsa, bilmez dogan gymmatyn,
Bir zat bolsa, gaýtmaz elin üzmekden.

Bolşy şeýleräkdir ynsan oglynyň,
Şoňa görä, köp ezýeti dadandyr.
„,Bar bolan zadynyň gadyryny bilmän,
Ýok zadyny arzuw edýän adamdyr".

Kuwwat Yazmuhammedow
18
47
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.