Arzuwym...
Şeýle buýsanç bilen çar ýana bakyp
Ak halatly görsem daşdan guwanyp,
Menem bir gün şeyle bolaryn diýip,
Lukman bolmaň arzuwynda ýaşaýan!
Il - günümiň mydam saglygny diläp,
Gözel arzuwlary kalbymda besläp,
Allajandan ýagşy dilegler diläp,
Lukman bolmaň arzuwynda ýaşaýan!
Ak halat egnimde bolar meň bir gün
Käbäm kyblam maňa guwanyp ýörsün,
Meniň lukmançylyk şypamy görsün,
Lukman bolmaň arzuwynda ýaşayan!
Käbäm hem - de eziz mähriban kyblam,
Jan saglygyňyz ajap bolsun elmydam,
Derdiňiziňe derman bolmak isleyän,
Lukman bolmaň arzuwynda ýaşaýan!
Çaryýewa Maýa