Tayler
09.06.2024 19:47
«Men, men» diýmek üçin ýekeje gezek
Dodagy dodakdan göterip bilsek –
Dünýäni «men» bilen doldurmak mümkin.
«Men, men» diýmek aňsat. «Sen, sen» diýmek kyn
«Sen, sen» diýmek üçin sen oňat gerek.

Alym bolmak üçin ýekeje gezek
Gowşak bir romanyň üstünden gülsek –
Şonuň hem ýeterlik bolmagy mümkin.
Alym bolmak aňsat. Adam bolmak kyn.

Adam bolmak üçin baş äpet gerek.
Kitap almak üçin ýekeje gezek
Aýda «wegetarian gününe» dözsek –
Eflatun fonduny edinmek mümkin.
Kitap almak aňsat. Okap almak kyn.

Okap almak üçin müň takat gerek.
Erbet bolmak üçin ýekeje gezek
Kişiň aýnasyna oklasak kesek –
Şonuň hem ýeterlik bolmagy mümkin. –
Erbet bolmak aňsat. Oňat bolmak kyn.
Oňat bolmak üçin aň sagat gerek.

Yşka düşmek üçin ýekeje gezek
Hol aýnadan baksa garagözelek –
Meň ýaly kökerlip galmagyň mümkin.
Yşka düşmek aňsat. Aman çykmak kyn.
Aman çykmak üçin müň hupbat gerek.





K.Gurbannepesow
21
29
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.