zumer_chas
09.06.2024 17:51
Boks boýunça öňki absolýut dünýä çempiony Maýk Taýson bilen bloger Jeýk Poluň arasyndaky söweş 15-nji noýabra süýşürildi. Bu barada Most Valuable Promotions-yň X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berilýär.

Boks söweşi Arlingtondaky “Eý-ti-end-ti Stedium” stadionynda geçiriler. Ilkibaşda söweş 20-nji iýulda geçirilmelidi, ýöne maý aýynda Taýson Maýamiden Los-Anjelese uçan uçarda özüni erbet duýdy, oňa lukmanlaryň kömegi gerek boldy. Boksçynyň aýtmagyna görä, aşgazan ýarasynyň güýçlenmegi sebäpli onuň ýüregi bulandy we başy aýlandy. Netijede, söweşijileriň deň taýýarlyk şertlerini üpjün etmek üçin boks söweşi yza süýşürilmeli boldy.
Taýson 57 ýaşynda. Ol karýerasynda 58 söweşe gatnaşyp, 50 ýeňiş gazandy (44-üsi nokaut bilen), alty ýeňlişe sezewar boldy, iki söweş geçirilmedik diýlip hasaplandy. 27 ýaşly Pol on boks söweşine gatnaşyp, dokuz gezek ýeňiş gazandy, bir gezek ýeňildi.

çeşme: tmcars.info
17
86
ayymsha
31 Awgust 2024
@zumer_chas, Barmyn
ayymsha
31 Awgust 2024
gonk
23 Iýun 2024
👍👍👍
zumer_chas
14 Iýun 2024
@smiling_, 🤔
sh_shamko_
9 Iýun 2024
Mayk Tayson barka Jeyk Pola gezek dusmez.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.