Tayler
09.06.2024 13:15
«Ulumsylyk –erbet gylyk» diýýärler.
Beterräk diýseňem rastdyr rast.
Ýöne ulumsylyk etmejek bolup,
Ýyrşaryp ýörmegem gowy däldir, dost.

«Geplemseklik –erbet gylyk» diýýärler.
Beterräk diýseňem rastdyr rast.
Ýöne geplemseklik etmejek bolup,
Dommaryp ýörmegem gowy däldir, dost.

«Ýaranjaňlyk –erbet gylyk» diýýärler.
Beterräk diýseňem rastdyr rast.
Ýöne ýaranjaňlyk etmejek bolup,
Gomparyp ýörmegem gowy däldir, dost.

«Ýaltaçylyk –erbet gylyk» diýýärler.
Beterräk diýseňem rastdyr rast.
Ýöne ýaltaçylyk etmejek bolup,
Hars urup ýörmegem gowy däldir dost.

«Başga-da köp erbet gylyk» diýýärler.
Olaryň köpdügem rastdyr rast.
Ýöne her bendimde bir söz üýtgedip,
Samyrdap durmagam gowy däl-dä, dost.




K.Gurbannepesow
27
34
ayymsha
9 Iýun 2024
Haladym
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.