small_poet✍️
09.06.2024 00:17
Bu ajap durmuşyň hözirni görüp,
Elmydam bagtdan paý alyp ýaşaň!
Kyn gününde bir - biregi goldaşyp,
Elmydam bagtdan paý alyp ýaşaň!

Nämä gerek bir - birege görüplik,
Mydam başda durmaz ejiz garyplyk,
Jan saglygyň bolsa bolar pul baýlyk,
Esasan söýülip hem söýüp ýaşaň!

Hemmelerde bolýar kiçi ýalňyşlar,
Şol ýalňyşlar üçin egilýär başlar,
Bagtyny mal - mülkden gözleýär ýaşlar,
Esasan saglygňyz göz edip ýaşaň!

Iki gün tirkeşseň tanalmaz adam,
Kyn güne düşeňde terk eder dostam,
Ýaşamaklyk üçin munda ýalňyşman,
Her wagt durmuşdan ders alyp ýaşaň!

Dogry hiç ýalňyşsyz bir adam bolmaz,
Tötänleýin bolsa günäde galmaz,
Bilgeşländen etse işi ýol almaz,
Şeýle ýalňyşlary goýbermän ýaşaň!

Söýgi näme diýip sorag berseler,
Ejemjanyň keşbi göz öňme geler,
Mukaddes söýgini bir ejeň berer,
Ejeleriň gadryny bilip ýaşaň!

Käbir gyzlar pul - baýlyga gyzýarlar,
Şeýdip söýgisini pula çalşýarlar,
Emma olar bagtyn ýere gömýärler,
Gyzlar mala - mülke göz etmän ýaşaň!

Köp adamlar bagty puldan gözleýär,
Haram baýap soňra men bagtly diýýär,
Şeýdip özin öz nebsine gul edýär,
Bagt baýlyk däl saglygy diläp ýaşaň!

Ýokary wezipä geçäýse birden,
Käbir adamlara tapylmaz ýerden,
Injigin götermez ýörär zeminden,
Hiç zat ömürlik däl unutman ýaşaň!

Kän adam oň gulak goýsa sözüne,
Maşgalasam görünmez oň gözüňe,
Höküm etmek islär ýeriň ýüzüne,
Şeýle adamlardan daş durup ýaşaň!

Diýjek zadym ine şular sizlere,
Seretmäň hiç iki ýüzli ýüzlere,
Mähriňi ber sen seni söýene,
Durmuşyň bagty şol bagt alyp ýaşaň!

Awtor:Çaryýewa Maýa
27
86
Ronaldo_
10 Iýun 2024
👍👍👍❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.