smiling_
08.06.2024 10:25
ABŞ-da kongresmeniñ iç gysgynç çykyşy 6 ýaşly oglunyñ "tagallalary bilen" millionlarça tomaşa gazandy.

ABŞ-nyñ kongresmesni Jon Rouzyñ işe getiren 6 ýaşly oglunyñ ýüz gözüni oýnadyşy we hereketleri kakasynyñ çykyşyndan has özüne çekiji boldy diýip, Meduza habar berýär. 3-nji iýunda Tennessi ştatyndan respublikaçy Rouz-Ulusy kongresde Donald Trampyñ peýdasyna çykyş etdi. Emma tomaşaçylaryñ ünsi onuñ sözlerine däl-de, 6 ýaşly ogly Gaýa gönükdi. Kameranyñ özüne bakdyrylanyny gören oglanjyk ýüzüni-gözüni oýnadyp, her hili yşaratlary görkezip başlady. Gaýyñ gülkünç ýüzüniñ wideosyna sosial ulgamlarda millionlarça gezek tomaşa edildi. Ol barada Amerikanyñ iñ iri habar beriş serişdeleri, şol sanda The Washington Post gazeti hem ýazdy. Gaýyñ özi bolsa CNN-de peýda boldy. Gaýyñ tomaşaçylaryñ ünsüni özüne çekip bilmek ukybyna kongresmen Rouzyñ Respublikan partiýadaky kärdeşleri-de, olaryñ demokratik garşydaşlary-da ýokary baha berdiler. Kongresmeniñ özi oglunyñ hokgasyna gülmek bilen jogap gaýtardy.
"Adatça, ol özüni gowy alyp barýar. Ýöne diýseñ-diýmeseñ, ol edil 6 ýaşyndaky beýleki deñ-duşlary ýaly oglanjyk" - diýip, Rouz nygtady. Gaýyñ özi kakasynyñ çykyşynyñ gaty "iç gysgynç" bolandygyny boýun aldy we žurnalistlere ýüz-gözüni başgaça-da her hili edip oýnadyp bilýändigini, ýöne hemmesini bir gezekde görkezmäge taýyn däldigini aýtdy.


Çeşme: tmcars.info (düýn 13:10)
34
94
Akram_Beshimov
8 Iýun 2024
Hm
gulia_maksatmyradowna
8 Iýun 2024
@smiling_, 🤏
Akram_Beshimov
8 Iýun 2024
6 ýaşla meñzemeýär
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.