small_poet✍️
08.06.2024 00:08
Hiç kim baky gelmez bäş gün ýalança,
Bir - biregin göwnin ýykmaň adamlar!
Adam köp kösenýär bagtyn tapýança,
Bir - biregiň göwnin ýykmaň adamlar!

Ömürlik däl baýlyk bilen garyplyk,
Mydam başda durmaz ähli kynçylyk,
Kyn günde goldaşyp beriň ynjalyk,
Bir - biregiň göwnin ýykmaň adamlar!

Kyn güne düşeňde tanalýar ynsan,
Dosta meňzäp ýanyňdadyr köp duşman,
Ýaşasak ajap bor göwne degişmän,
Bir - biregiň göwnin ýykmaň adamlar!
Çaryýewa Maýa
Dowamy bar...
26
184
shes
8 Iýun 2024
Ugrat yzynam la ilahe illallah diyip iman tazeleyan sen gosgyny okap wyždan oyanya
shes
8 Iýun 2024
Tuweleme gyz bolup sular yaly gosgy duzsen
shes
8 Iýun 2024
Özün düzen bolsaň ajap gosgy eken imanyny oyandyrya
shes
8 Iýun 2024
Öz'ün duzdunmi ya alynanmy
flowers_
8 Iýun 2024
@engl, özüñ düzýäñmi Maya :), tüweleme, galamyñ ýiti bolsun!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.