alma___
07.06.2024 17:25
Özbek ertekisi

Gadym zamanlarda bir
ýurduň hany erbet
syrkawlapdyr, oňa
meşhur tebipler hiç
hili em tapyp bilmän-
dirler. Köp synanyşyklardan soňra
bir akyldar hanyň ýanyna gelip:
- Siz ene ýolbarsyň süýdüni içseňiz, hassalykdan gutularsyňyz
– diýip, maslahat beripdir. Han
«Kimde-kim ene ýolbarsyň süýdüni tapyp getirip berse, men ony köp halat-serpay hilen syiaglajak»
diýip, ähli ýere jar çekdiripdir Hiç bir ýerden «Ene ýolbarsyñ süýdüni men alyp geleýin» diýen adam
tapylmandyr. Aradan birnäçe gün
geçenden soň, hanyň ýanyna bir ýaş ýigit gelip:
- Hormatly han, eger rugsat
berseňiz, ene ýolbarsyň süýdüni
men alyp geleýin. Maňa dört sany semizje guzy gerek bolar diýipdir. Emeldarlar oňa derrew dört
sany guzyny getirip beripdirler. Ýaş
ýigit guzulary ýanyna alyp, şäherden çykyp gidipdir. Az ýöräp, köp
ýöräp, bir gür tokaýlyga baryp ýetipdir. Şol yerde uly bir daşyň arka
tarapyna geçip görse, ol gözlerine ynanmandyr. Ene ýolbars öz çagasyny emdirip oturan ekeni. Ýaş
ýigit guzyny alyp,
ene ýolbarsa barha ýakynlaşypdyr.
IIki bilen guzularyň birini ýolbarsyň çagasyna beripdir.
Soňra ikinjisini,garaz her gün ýaş
ýigit ýolbarsyñ çagasyna bir gyzy ýollapdyr.
Ýolbarsyň çagasy guzujyklary
şolbada tutupdyr. Ýigit dördünji
guzyny olara has-da golaý baryp
beripdir. Bu ýigide ene ýolbars topulmakdan geçen, hatda oňa tarap
nazarynam aýlamandyr. Sebäbi ol çagasyna guzulary goýberýän şol
ýaş oglandygyny bilyär ekeni. Şeýdip,
bu ýaş ýigit arkaýynlykda ene ýolbarsyň süýdüni sagyp alyp, derrewem yzyna dolanypdyr.
Ýolda gelýärkä onuň gulak, el,aýak, göz we dili özara dawalaşypdyrlar. Gulak: «Men jar çekdirilenini eşitdim. Şonuň üçin bu wezipäni ýigit berjaý etdi», diýse, göz: «llkinji
men gördüm. Eger görmeýän bolsa, ýigit bu ýerlere gelip bilmezdi»
diýipdir. Aýaklar: «Biz ýöräp, ýigidi şu ýerlere alyp geldik. Bizsiz bu ýigit
bir ädim ätmäne het ädip bilmezdi» diýseler, eller: emaý bilen ene ýolbarsyň süýdüni sagdyk. Biz sebäpli
yigit öz maksat-myradyna ýetdi» diýipdirler. Hiç birine jogap bermän
duran dil bolsa: «Eý, gardaşlar, biziň
ählimiz hem bir jan, bir tendiris.
Ýöne dilden ötgür zat
dünýäde ýokdyr.
Cünki dil tygdan-da ötgürdir.
Eger islese ähli zady puja çykaryp biler
diýipdir. Garaz, bularyň özara dawasy hanyň huzuryna barýançalar dowam edipdir. Ýaş
ýigit hanyň ýanyna gelip, elindäki
küýzesini uzadanda, han ýigitden:
- Haýsy haýwanyň süýdüni alyp geldiň? ? diyip sorapdyr. ýaş
ýigit aljyrap «Geçiniň süýdüni» diýip goýberipdir. Şol wagt hanyň
gahary gelip, jellatlary çagyrypdyr.
Olar gelip, bu ýigidiň el-aýagyny
daňyp, alyp gitmekçi bolanlarynda, hanyň ýanynda duran wezir:
- Eý, merhemetli han, bu ýigit aljyrap diýip goýberdi. Ýene bir gezek ondan nämảniň süýdüni getirendigini soraň! – diýipdir.
Han ýene soranda, ýaş ýigit ähli akyl-huşuny bir ýere jemläp:
-Men size ene ýolbarsyň süýdüni getirdim. Alyň!
!- diýip,küýzzesini uzadyrdyr
Tebipler
onuň küýzede getiren süýdüni
barlapdyrlar. Hakykatdan hem, ýaş ýigit öz wezipesini ýerine yetirip,
ene ýolbarsyň süýdüni alyp gelen
ekeni. Han bu süýdi içip, derrew
sagalypdyr we ýigide köp sylag-serpaý beripdir. Şonda ýigidin dili
beýleki agzalara ýüzlenip: «Eý,gardaşlar, gördüňizmi, ýaş ýigit aljyrap, dili tutulyp, «Geçi süýdi»
diýende onuň goluny baglap, tas alyp gidipdiler. Akyl-huşuny jemlap, dogrusyny aýdanda bolsa ony ölümden alyp galdylar. Şol sebäpli
«Dil tygdan ötgür» diýlip, ýöne
ýere aýdylmaýar» diýipdir.
19
81
gonk
7 Iýun 2024
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.