Tayler
07.06.2024 08:31
«Ynha geler...» diýip garaşyp durmak
Dünýäde iň süýji, iň elhenç zatdyr.
Onuň süýjüdigne şaýatdyr ýürek,
Elhençdigne bolsa beýnim şaýatdyr.

Ýüregim: «Dur entek, sabyr et!» diýip,
Müň süýji arzuwy beslärdi mydam.
Beýnim: «Indi gelmez, gaýdyber!» diýip,
Arzuwdan döndermek islärdi mydam.

Biri –umydygär,
Birisi namut,
Söweşe girerdi beýnidir ýürek.
Hiç haçan namuda golum bermändim,
Zyýanam görmändim...

Siziňki gezek.




K.Gurbannepesow
23
26
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.