Özbaşdak pikirlenmelere sebäp bolup biljek sanaw — 2
• Her kim adamzadyň ýaşaýşyny üýtgetjekden. Ýöne hiç
birimiz bu işiň özümizi üýtgetmekden başlaýandygy barada pikir
edemzok.
L. Tolstoý
• Durmuşyňyz çarkandakly ýola giren bolsa, ruldaky adamyň özüňizdigini ýatdan çykarmaň!
M. Longsdon
• Üstünlik – isleýän zadyňa gowuşmakdyr. Bagt bolsa eýe bolan zatlaryň gadyryny bilmekdir.
• Üstünlik batyrgaýlygyň perzendidir.
B. Disraeli
• Her näçe bilýän hem bolsaň, olaryň gadyry garşyňdaky
adamyň düşbüligine baglydyr.
• Hemme kişi şol bir zat barada pikir edýän bolsa, hiç kim
aýratyn pikir edip bilmeýär diýmekdir.
W. Lippman
• Dünýäde diňe iki adam ýalňyşmaýar. Olaryň birinjis-ä
aradan çykdy, ikinjisem heniz doglanok.
Hytaý nakyly
• Ýa ýoly taparys, ýa täzesini çekeris.
Hannibal
• Näme görjekdigiňiz näme gözleýändigiňize baglydyr.
J. Labbok
• Kynçylyklar üstünligiň gadyryny artdyrýan bezegdir.
Moller
• Käbir adamlar merdiwanyň birnäçe basgançagyna çykansoň, ony ýalňyş diwara söýändigini görýärler.
J. Alta
• Bir şem başga bir şemi tutaşdyrany bilen öz ýagtylygyndan hiç zat ýitirmez.
Möwlana
• Şöhle paýlamagyň iki ýoly bar: ýa şem bolarsyň, ýa aýna.
• Umydyny ýitiren adamda başga ýitirere zat galmaýar.
W. Dýubua
• Pikirlenmän öwrenmek ýitirilen zähmetdir.
• Üstünlik üçin köp zat gerek. Ýöne olaryň ilkinjisi özüňe bolan ynamdyr.
• Öwrenmek — bir maglumaty edinmek däl, ony gerekli
ýerinde peýdalanyp bilmekdir.
• Bir kilometrlik ýol hem ilkinji ädimden başlanýar.
• Ömür bir sekunt soňra-da näme boljagyny bilmeýändigimiz üçin ajaýypdyr.
J. Meriç
• «Gülüň tikeni bar» diýip şikaýat etmegiň deregine, «tikeniň güli bar» diýip şükür etmeli.
Möwlana
• Agyr iş wagtynda edilmedik ýeňil işleriň üýşmeginden emele gelýär.
Žan Žak Russo
• Bir karara gelip bilmezlik we gijikdirmek şowsuzlygyň açary. Edil häzir we dessine!
• Edil şu wagt bolmasa, onda haçan?!
Dasis
• Adamlar köpri gurulmaly ýerde diwar gurýandyklary üçin ýalňyz galýarlar.
I. Nýuton
• Gyşyň sowugyny görmedik baharyň tagamyny alyp bilmez.
• Bilim adamy kör zehinlilikden, ýagşylyk ezýet çekmekden, anyk netije berip bilmek bolsa şowsuzlykdan halas edýär.
Konfusiý
• Bilim almagyň syýahat etmek we dynç almakdygyny ýatdan çykarmaň.
Eýnşteýn
• Her gije şol gün näme edendigiň we ertir näme etmelidigiň barada pikirlenmän düşege geçme.
A. F. Başgil.
• Hiç zat gowy ýa-da erbet däldir. Ol seniň nähili pikir edişiňe bagly.
Şekspir
• Täze güne täze pikir bilen giriş.
Demokrit
• Aýdylýanlar ýürekden çykýan bolsa, ýürege girer, ýöne
dilden çyksa, gulakdan aňry geçip bilmez.
• Başaryp biljekdigiňize ynanmasaňyz, başaryp bilmersiňiz.