Özbaşdak pikirlenmelere sebäp bolup biljek sanaw 1
• Ulanylmaýan maglumat ilkinji böküşde açylmadyk paraşýut
ýaly peýdasyzdyr.
• Edip biljek işleriňiz we başarmadyklaryňyz barada
pikirlenýän bolsaňyz, siz dogry ýoldasyňyz.
• Şu güne çenli eden işleriňizi şu günem gaýtalasyňyz,
gazanjak zadyňyz öňküden üýtgeşik bolmaz.
• Ýaşaýşymyň hili özüm we başgalar bilen aragatnaşygymyň
hem-de saýlan ýolumyň hiline baglydyr.
• Bilime, başarnyga we ynama eýe bolsak, maksat edýän
belentliklerimize ýetip bileris. Şeýle bolsa, näme üçin yzygiderli şikaýat edip, durmuşdaky gözellikleri görüp bilmeýäris.
• Nähili bolsa-da, gündelik pikirlerim ýaşaýşymyň aýnasydyr.
Eger şol pikirlerime gözegçilik edip bilsem, ýaşaýşyma hem
gözegçilik etmegi başararyn.
• Dünýäni has gowy ýere öwürmek üçin başarnyklarymy,
çeşmelerimi we zehinimi ulanýaryn.
• Üstünlik edip bilmediklerimizde däl-de, edip bilen
işlerimizde gizlengidir.
• Adamyň iň ýaman günäsi hiç zat etmän ölüp gitmekdir.
• Başaryp biljegimi bilýärin... Hawa, bilýärin... Duýýaryn.
Isleglerime, dileglerime we hyýallaryma ýetýänçäm, göreşi
dowam etdirjek. Bu — meniň ýazgydym.
• Özüme edilmegini islemedik işimi başgalara-da edemok.
• Geljekden umytly men. Durmuşyň maňa şatlyk eçiljekdigine
we ýaşaýşymyň gyzykly boljakdygyna ynanýaryn.
• Öz durmuşyma erk edip bilýändirin diýip hasaplaýaryn.
Çünki nirä barýanymy we näme isleýänimi bilýärin. Bu syýahat gyzykly bolsa gerek!
• Özüme mahsus häsiýetleri söýýärin.
• Durmuşy söýýäňmi? Şeýle bolsa wagtyňy bihuda geçirme,
çünki durmuş wagtdan ybaratdyr.
B. Franklin
• Öz başarnygyňy bilmezlikden hem agyr zat bar. Ol ony
bilibem ulanmazlykdyr.
• Hyýallarynyň ornuny puşmanlyk eýelemese, adam hemişe
ýaşdyr.
• E-he-he-he-e-eý! Özümi söý-ýärin!
• Bir zady ýat tutmak bilmek däldir. Düşünmeýän zatlarymyzy
özümiziňki hasaplap bolmaz.
Gýote