Tayler
06.06.2024 10:55
Meni ýitirersiň... Bujagaz ýitgi
Äleme ne ýeňil, ne agyr düşer.
Ýene öňküsi dek gülüp dogar Gün,
Ýene öňküsi dek Aý dymyp ýaşar.

Meni ýitirersiň... Ýitenim bilen
Ne garalar, ne-de saralar jahan.
Ýene öňküsi dek şuwlar gara gyş,
Ýene öňküsi dek gül açar bahar.

Meni ýitirersiň... Ol ýitgi üçin
Üýtgemez älemiň ýekeje gylam.
Diňe bir sekuntlyk gygyrar toprak,
Aýylganç gygyrar: «Ýandy bu oglan!»

Gygyrar. «Köýdürdiň melguna uýup,
Söýgiň äpedin, dostlaryň beýgin.
Akylyň-a örän uludy welin,
Akylyň dek uly ýalňyşdyň, keýgim!»

* * *
Men ony söýmändim. Söýmek hakynda
Pikirem etmändim. Söýüpdi özi.
Özi, özi, özi! Onsoň men söýdüm.
Soňy näme boldy?
Agyrdy yzy.

Ýöne öňde-soňda aýtmaly bolsa,
Aýdylmagy gerek. Galmasyn kaza:
Söýülenim,
emma söýmänim üçin
Ol maňa beripdi şeýle bir jeza,
Şol jezaň astynda çekilen jepaň
Näçe tonnadygyn
bir ýürek aýdar.

–Dünýäniň ýüzünde iň betbagt kimkän
–Söýülen mahaly söýmedik adam.




K.Gurbannepesow
28
226
gulia_maksatmyradowna
7 Iýun 2024
@flowers_, 😁
flowers_
7 Iýun 2024
Bulary🙄, beýni bar bolsa yerinden suyşendir, şunça zat bir beyni hakdamy indi🤦‍♀️, boldy ediñ jan jigilem, beýniñize azar bermañ, ýaşasyn)
gulia_maksatmyradowna
7 Iýun 2024
@engl, znaçit internetde bardygny bilýän bolsaň senem synanşyp görüpsiň🤔
gulia_maksatmyradowna
7 Iýun 2024
@engl, bilýän ekeniň sebäbi öz beýniňi düzetjek bolup synanyşdyň gerem🤭😂
gulia_maksatmyradowna
7 Iýun 2024
Çaga ýüpden boşan it ýaly bolup gyrlyşasy gelip gidipdir göni bolýa diýýä🤭
gulia_maksatmyradowna
7 Iýun 2024
@engl, dur ýazma agşam gelýän şonda gyrlyşars okeý
gulia_maksatmyradowna
7 Iýun 2024
@engl, wah çaga 😄 waý seň beýnijigňe döneýin wah seň düşündirjek bolup jan atyşyňa döneýin
gulia_maksatmyradowna
7 Iýun 2024
Seň birzatlar edesiň gelip ölüp barýaňla🤔 @engl, engl nm diýmek wapşede
gulia_maksatmyradowna
7 Iýun 2024
@engl, ejesinde nm günä bar hiç düşünmedim 🤷‍♀️
gulia_maksatmyradowna
7 Iýun 2024
Hoş👋
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.