alma___
06.06.2024 10:53
GÖZLI WE KÖR

Bir adam ýol bilen öz ugruna barýan eken, onuň ýanynda ýigrimi teññe puly bar eken. Oňa idijisi bolmadyk bir kör gedaý gabat gelipdir. Ol òz ýanyndan:.
«Gel, şu körüň nähili adamdygyny synap göreýin» diýipdir.
Ol körüň ýolundan sowuljagam bolman, göni ona garşy yôräp, onuň biler çakyşypdyr. Soňundanam:
-Sen meni iterer ýaly, seňseleder ýaly kim bolupsyn, idegi ýok kör ýaly? Sen meni beýdip, Hudaýdan gorkaňokmy? - diýip, körün üstüne gygyrypdyr.
Onda kör oňa şeýle jogap beripdir:
– Menem seniň ýaly kör, taýagym bilen ýol saýlaýan. Onsoň bilmăn saña
baryp uruldym, bagyşla meni!
Olar şol ýerde aşak oturyp mesawy gürrüňe geçipdirler. Gözli aýtdy:
Men yigrimi teññe jemledim, yöne olaryň haýsysy hakyky kümüş, haýsysy ýasama - bilip bilemok.
Kör aýtdy:
Men kör bolmazymdan öň kümüşçi bolup işledim, teññe ýasadym. Hany,
maňa ber, men elime
alamdan tanaýan ony.
Gözli ähli teňňelerini körün eline tutdurypdyr. Kör olary guşagyna gysdyryp,ýuwasja aýrylyp gidipdir-de, aňyrrakda bir keşiň içine girip süýnüp ýatypdyr.
Ondan gizlenendirin öýdüpdir.
Gözli biraz garaşyp, zörledip ugrapdyr:
-Eý, sen nirä ýitirim bolduň? Hany pullarym? Näme iş etdiň olary?
Soňra ýalbarandan bolupdyr:
-Men görgüli körüň puluny alma. Men olary nä günlükde gazandym, onuñ ücin bu ýagty jahanda näçe entedim. Meniň pulumy alyp, özüne günä gazanma.
Kör bolsa, dogrudanam, ol göryän däldir diýip, gizlenmegini dowam edipdir.
Gözli indi oňa ýalbarmasyny goýupdyr-da, eline bir bölek daş alyp:
Eý Hudaý, eger ol adam meniň pulumy nähak ýere alýan bolsa, goý,
onuň aýagyna daş gaçsyn diýipdir.
onuň atan daşy körün aýagyna degipdir. Kör ýerinden galyp, ondan ýene
gaçyp gutulmak üçin aňyrrak süýşüp ýatypdyr.
Gözli hälkä görä ulurak daş alyp, Hudaýa nalyş edipdir:
Ol menden, körden gedaýçylyk edip jemlän pullarymy aldy. Eger meniňki
hak bolsa, Şu atan daşym onuň egnine degsin.
Seý diýip, ol köre daş atypdyr, daş onuň egnine degipdir. Kör muňa-da çy-
dady, bu gezegem sesini çykarmady, pişik basyşyny edip, aňyrrak süýşüpdirde, ýene-de ýatyberipdir.
Gözli üçünji daşy eline alyp şeýle diýipdir:
–Eý, Hudaý, şu atan daşym, goý, onuň maňlaýyna degsin.
Kör: «Ol iki gezek nyşana alan ýerini urup bildi, eger bu gezek maňilaýyma
degäýse, meni öldürer ol. Onsoň bu kümüş pullar kime nesip eder?» diýip
oýlanypdyr. Soňra:
-Eý, dogan, nä beýle alada galýaň? Men bu kümüş teňñeleriň hakykysyny
ýasamasyndan aýraýyn, onson bererin diýip saýlap otyryn diýipdir.
Gözli muňa gahar edip:
- Eý, sen samsyk adam, sen kör halyňa meni - gözli adamy talajak
bolýamyň ? diýipdir.
22
105
flowers_
6 Iýun 2024
Salam, gowumysyñyz :), awtorynam ýatdan çykarmañ
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.