Tayler
05.06.2024 10:06
Ussat bol, iş salyş ussatlar bilen.
Ussadyň gadyryn ussatlar biler.
* * *
Sakalyň deregin tutsa-da akyl,
Akylyň deregin tutmaýar sakgal.
* * *
Her hili çykgynsyz ýagdaýda galaý –
Umytdan düşmeklik namartçylykdyr.
Her bir kynçylygyň dört tarapy bar:
Üçi ýapyk bolsa, biri açykdyr.
* * *
Gyz wagtynda hemme gyzlar mylaýym.
Seredýäň, seredýäň, doýunmaýarsyň.
Soň görüp biriniň şerraý aýalyn,
Şolardandygyna ynanmaýarsyň.
* * *
Öýlere gelin geler: üýtgär öýleň howasy.
Gyzgyn-gyzgyn öýleriň geler durar sowasy.
Gara saçly «mollaň» hem ýüzün ýuwjak däl
weli,
Gara murtly «molladyr» bigaýratlyk
belasy.
* * *
Betbagtlyk diýen zadyň
Gara bolarmyş reňki.
Emma sataşan wagtyň –
(Dana bolsaň-da) seňki.
* * *
Bagtlylyk diýen zadyň
Ak bolarmyş reňki.
Emma sataşan wagtyň –
(Samsyk bolsaň-da!) seňki.
* * *
Emma aslyýetinde
Olar däl bolsa seňki,
Yz goýsa-da etiňde,
Süňküňe ýokmaz reňki.


(gysgaldyp alnan)



K.Gurbannepesow
23
53
flowers_
5 Iýun 2024
Şerraý edýanem õzleri, ynanmadyk bolýanam😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.