Arslan_Alaýew
04.06.2024 22:33
JYNLAR GÖRÜNENDE...


Köpçülik ýerlerde''Jyn'' ýa-da ''al-arwah'' hakynda gürrüň edilende bu gürrüňe nädip gyzyganyňy duýman galýarsyň! Jynlar hakyndaky gürrüňler esasanam ýaşulylaryň arasynda kä wagtlar aýdylyp beriläýmese, jynlar hakynda kän gürlemezlige çalyşýarlar.
Hawa şol üç harply diýilýän Jynlar hakynda her hili maglumatlar kitap tekçämdäki bir kitapda-da agzalýar. Kitabyň gatyny açyp açmankaň, gorkunç jynyň suraty me saňa görünip dur. Onuň bir sahypasy ýazgyly, bir sahypasam gorkunç suratlardan dop-doly.
Gürrüňim bu kitap hakynda däl-de jynlar hakynda bolmaly.
Jynlar hakynda Muhammet aleýhyssalama Allatagala tarapyndan iberilen Kurany Kerimde aýatlar bar: ''Jynlaram adamlar ýaly jogapkär barlyklar hökmünde ýaradylandyr [Ez-Zariýat, 51/56]. Allatagalaha ynanyp oňa ybadat edýän, haýyrly amally jynlaryň bar boluşy ýaly, adamlara zyýan ýetirýän kapyr jynlaram bardyr. 
Kurany Kerimde adam we jyn hem-de şeýtandan söz edýän şeýleräk bir aýat bar: ''Ine şeýlelikde biz her pygambere adam we jyn şeýtanlaryny duşman kyldyk. Bular allatmak üçin biri-birlerine pyşyrdaşarlar. Eger-de Rebbiň kabul etmese, muny başarmazdylar. Eger-de şeýle bolsa olary töhmetleri bilen özbaşlaryna galdyr'' [El-Engam, 6/112].
Meniň özüm jyny gördüm diýsem ýalançy, ýöne sosial medialarda, Jynlary çagyryp olar bilen gürleşýän ýa-da Jynçylar hakynda, eşiden bolsaňyz gerek. Şol jynlary türk sosial mediýasynda wideoroliga goýýan Ahmet Hoja  Jynlary çagyrýar we jynlar wideoşekile elhenç şekilde görünýär. Kä wagtlar erbet jynlara sataşýarlar, kä wagtlaram hristiýan dinindäki jynlary musulmanlyga çagyrýar. Kä wagtlaram Kaşmera atly Musulman jyn bilen hal-ahwal soraşýar... Bu düşürilen wideodekiller ýalanmy, ýa dogrumy, muny bilemok, ýöne Kurany Kerimde-de aýdylyşy ýaly Jynlaryň Musulmany we Kapyry, wagşysy hem bar...
Özem köplenç olar harabalyklarda, taşlanyp gidilen öýlerde bolýar diýilýärdi. Men size dostuma sataşan bir jyn hakynda aýdyp berip gürrüňimi tamamlamakçy...
Öňüräk dostum Wepa bilen gürrüňden-gürrüň çykdy-da jynlar hakynda-da agzap oturyp bilmedik. Şonda ol şuny gürrüň berdi: ''Çelekende işleýärdik. Howa sowukdy. Ýatar ýaly bir kümejik edindik. Agşam sagat 2-lerdi. Ýatyrdyk. Ýatýan jaýjagazymyzyň gapysy gürp-gürp kakylyp başlady. Men bu sese oýanyp daş çykdym. Gapynyň daşynda hiç kim ýokdy. Ýöne bir iki depe aşyp gözlege çykdym welin diwaryň üstünde adamsypat gözleri gyzaryp duran, gap-gara bir zady görüp, imanym uçdy. Kümä nädip ylgap baranymy bilmändirin. Şonda men gaty erbet gorkupdum...'' diýip ol bu gören zadyny haýsydyr bir ölen adamyň ruhydyr öýtse-de, men onuň gözüne bu görünen zadyň jyndygyny aýdyp berdim.
Sebäbi onuň suratlandyrýan mahlugy jynyň keşbi-di.

 

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy
0
135
ilmir
6 Iýun 2024
Salam
Arslan_Alaýew
4 Iýun 2024
@sadajaaa_, Köp sag boluň minnetdar nesip bolsa 👍🙂😉
Arslan_Alaýew
4 Iýun 2024
@sadajaaa_, Ýylydyz Derejäňiz bilen gutlaýan 🥳🎉🎊
Arslan_Alaýew
4 Iýun 2024
@sadajaaa_, ýalňyşlyk gidipdir şoňa like goýup hem üýtgedip hem bolanok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.