Tayler
04.06.2024 19:53
Begenerdik atasy öýne gelende,
Gynanardyk gaýyn öýne gaýdanda,
Obamyzda bir gaýtarma gyz bardy,
Onda-da ne gaýtarma!

Görmegeýdi. Asyllydy. Alçakdy.
Ykbal bu üç bagty berenok hemmä.
(Kä ikisin berip, birin berenok,
Käte birin berse, ikisin kemýä).

Onda şu baýlyklaň, üçüsem bardy.
Ady dilindedi uludan-kiçiň.
Deň-duşlary üçin uýa bolsa ol,
Ejedi biz ýaly uşaklar üçin.

Käte kemput berip, käte gant berip,
Käte bolsa paýlap kendirli nabat,
Dilimizem, göwnümizem tapardy.
Dili-de nabatdy, ady-da Nabat.

Duldegşir goňşudyk. Olaryň öýi
Käriziň sagynda. Biziňkem çepde.
Garahassalykmy, mamamy, mergi –
O mahal her dürli keselem köpdi.

Ony dul goýupdy şo dertleň biri.
Üç ýyllap ýas tutdy başy çabytly.
Şondan bäri atasynyň öýünde.
Ol-a bir betbagtdy,
Bizem bagtly.

Begenerdik atasy öýne gelende.
Gynanardyk gaýyn öýne gaýdanda.
Ynha indi ýarylyber «begen-de»
Ol gaýtarma,
ol ömürlik gaýtarma!

Atasam hiç kime berenok ony.
Berjegem däl. Özem edenok meýil.
Otyr ol ak öýüň törüni saklap,
(Şeýdip diňe bagry ýaraly göýül
Oturýandyr bir oturan ýurdunda)
Iň uzak orüsi –käriz, ýeke tut.
...Ýene-de geldi ol eşik ýuwmaga,
Çabdynyň jübüsi durşuna kemput.

Edil şo mahalam bir daýaw çopan
Sowdy eşegini ýabyň boýuna.
Eňegin basdy-da käriz suwuna,
Ýene «gur-roww!» diýip, gitdi ugruna.

Aýu, oglan, Muhtar, kemeriň galdy! –
Çopanyň yzyndan ylgady Nabat.
Näme bolanyna düşünmän galdyk –
Aýylganç gümpüldi eşdildi şo bat.

Ýene bir gümpüldi...
Gyzyň dogany
Elinde tüpeňi, bilinde hatar,
Awdan gelýän eken. Gapdalna baksa –
Gürleşip duranmyş Nabatdyr Muhtar.

Edil şo demde-de gysylýar mäşe.
Nabat ýykylypdyr ilkinji okdan.
Çakmak çekilende ikinji sapar,
Eşekden dag ýaly gaýdypdyr çopan.

...Müňkurlik diýen zat hemişe şeýdip
Ykrar etjek bolýar öz dogrulygny.
Dogra ýalan, ýagşa ýamandyr öýdüp,
Käte atýar şeýdip
Öz doganyny.



K.Gurbannepesow
28
111
gulia_maksatmyradowna
7 Iýun 2024
Wah işigaýdan gyzyň dogany:(
jucc
4 Iýun 2024
❤👍
jucc
4 Iýun 2024
Sagboluñ kop kop indi dusundim
Tayler
4 Iýun 2024
Gaýtadan okap görüň onda@ayyaly, @jucc,
jucc
4 Iýun 2024
Menem dusunmedm känbir🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.