stella_🖤
04.06.2024 00:55
Sylagsyz oglan (bolan waka)

Obada bir daýhan bar. Daýhanyň ýekeje ogly we aýaly bilen ýaşaýar. Oglynyň ady Yhlas uzyn boýly bugdaý reňkli oglan. Daýhan Guwanç özem uzyn boýly daýow. Ejesi Nursoltan daýza orta boýly owadan aýal. Yhlas uçurym bolansoň watana bolan borçyny berjaý edip gelýä. Gelip uly okuwa girjek diýip, şähere gitýä. Şäherde okuwa girýä. Şähere baryp üýtgeýä gyzlar bilen gelip spirtli içgiler içip özüne zyýan etýän näme zat bolsa etýä. Bir gün kakasyna jaň edip:

Yhlas- Kaka gowymy?

Guwanç- Howa oglym gowy sen gowymy? näme etýän? aç galaňok dämi.

Yhlas-Ýok kaka maňa pul gerek.

Guwanç-Oglum ýaňy ýakynrakda berdimä, indiki aý çenli bererin.

Yhlas- Kaka sizden bizar boldym. Ýöne kaka bahana garyplygyňyzdan ýadadym.

Guwanç- Ýöne oglum....

Yhlas telefony öçürip gyzlaryň ýanyna bardy. Kakasy oglunyň diýenine gynanyp sagadyny satyp puly ogluna ugratdy. Yhlas puly alansoň hem sagbolsyn aýtmady. Şeýdip bul okuwy gutardy. Guwanç bilen Nursoltan daýza zordan gününi gorýädi. Yhlas bolsa gününi gün etýädi. Yhlas oba geldi. Gelişem şoldy welin ýene şähere gitdi. Şäherde iş tapdy, aýlygy zady gowy. Soň Aýlar bilen tanyşdy. Şäherde toý etdi. Guwanç bilen Nursoltan daýza zordan şähere bardylar toýy sowup bolansoň Yhlas olary oba ugratdylar. Yhlas baý boldy, gowy geýimli. Bir gün Yhlasa Altyn bilet alýa we şansly bolýa. Ol Amerikada 10 ýyl ýaşap bilýä hem mugt ýaşap bilýä bul bilet şansly bolsaň çykýa. Yhlasyň soň iki çagasy bolýa. Yhlas bilet üçin gol çekmeli bolanda diňe öz adyndan ýazdy. Maşgalasynyň bardygyny aýtmady. Diňe özi gidip bilýädi. Intäk gitmedi. Ejesiniň habary ýok. Muňa ikinji sapar şol bilet çykýa ýene bul şansly bolýa. Bu sapar gol çekmäne baranda hökümet maşgalasynyň bardygyny bilip öňki biledi we şu wagtky biledini alyp kowýa. Bul gynanyp öýüne gaýtýa. Bar gaharyny aýalyny urup çykarýa. 3 aý soň bular oba barýa. Obada 2 gün bolup gaýtçak bolanlarynda ejesi " Oglum obada gal seni göresimiz gelýä jaň zat edeňok." diýip ýalbarýa. Yhlas bu bolşyna gahary gelip ejesine gygyrýa. Ejesi aglap başga jaýa geçýä. Yhlas şähere gidip barýarka ýolda kamaz bilen bile ýoldan çykyp ulag kül bolýa. Yhlasyň aýaklary kesildi. Ol obada galdy. Aýlar bilen iki çagasyna hiç zat bolanok. Yhlas aglap näme üçin beýle boldy allam diýip aglapdyr. Düýşünde bir ses eşdipdir. Sen ejeňi, kakaňy, aýaly sylamadyň alla hem seni jezalandyrdy diýip gidipdir. Yhlas oýanyp eden ýalňyşlyklaryna düşünip ejesini kakasy gujaklap puşman bolup aglapdyr.
26
129
serdar00
4 Iýun 2024
Dogry edil sul bolmasada suna menzes wakalar bolup duryar
jucc
4 Iýun 2024
❤👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.