Tayler
03.06.2024 23:00
Günämizi bagyşlaýar eneler.
Sebäp –
eneleriň ak süýtli döşi
Köp-köp garalygyň günäsin ötýär.
Şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy...

Ene balasyna buýurdy ýumuş,
Ol diýdi: «Özüň et oň ýaly işi!»
Ýandy ene. Emma ötdi günäsin.
Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.

«Öýe wagtynda gel, giç gelme, balam..»
Ogly bolsa enä çenedi daşy.
«Wah, nätsemkäm?» Emma günäsin ötdi.
Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.

Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul.
Gapak ýaly boldy tüýlüje döşi.
«Indi ata bolduň, adam bol, oglum!»
Gysyldy, gysyldy enäniň dişi.

Ene dişin gysdy otuzki gezek,
Her gezek gysanda gaçdy bir dişi.
Enäniň her gaçan dişine derek
Ýaprak dek saralyp,
Gaçdy bir ýaşy...



K.Gurbannepesow
23
30
misaa
4 Iýun 2024
🙏🙏🙏🙏
stella_🖤
4 Iýun 2024
Şul goşgyny gaty gowy görýän👏🏻👏🏻👏🏻👏🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.