alma___
03.06.2024 09:02
GAHARJAÑ GELIN WE ONUÑ ÝÙWÜRJISI

Bu ýagty jahanda nebsiň agyryberer ýaly bir adam ýaşapdyr, onuñ. gaharjañ, mekir, erbet gelnejesi bar
eken. Ol oňa mydama gygyryp, sogup ýörer eken
Bar, git-de, bir zat ogurlap, öýe getir.
Ýüwürjisi bu işiň telekdigini aýdyp, ýalbaryp, boýun towlapdyr.
Emma gelnejesi oña gün bermändir. Bir gezegem gorse, eýesiz, ýüpekden
ýetirilen ýedi sany düýe durmuş. Ol olary tokaýda bir ýerde gizlāp, öyüne
dolanyp gelyär.Soñra
oňa bu düýeleri gözläp ýören adam sataşýar. Ol diýipdir:
Meniň ýedi düýäm ýitdi, eger sen maña şol hakda bilýàn bolsañ saña ýüküň bir daňysyny bereýin.
Ol şeýle jogap alypdyr:
görmedim, ýöne men bilgiç. Meniň bilgiçligim bilen hiç bir weli deňleşip bilmez.
onuň seýle diýip jogap bermegine tutarygy bardy: ol birmahallar köne kitapça tapypdy, ony jübüsinde göterip ýörerdi. Ol şol kitaby çykardy-da, açyp
oña seredip, şeýle diýdi:
- Men olaryň niredeligini bilýän.
Ol ony sowa ýollar bilen yzyna düşürip, alyp barşyna:
Hanha, olary haýsydyr bir adamlar alyp barýartar
diýp, gaýtalap gidiberipdir.
Düýeleriň duran ýerine ýakynlaşanlarynda bolsa ol şeýle diýdi:
Ol adamlar howpuň abanýandygyny duýdular, düýeleri taşlap zut gaçdylar meniň jadyly kitabym şeý diýyär.
Ol tokaya girip, düýeleri eyýesine görkezyär. Düýekeş hem oňa bu eden
kömegi üçin bir daňy yüpek beryär. Olary öyüne getirýär. Gelnejesi muňa
begenip, oňa minnetdarlygyny bildirýär:
Sen gowy yüwürji. Mundan beýlägem şeýtgin.
Edil şol günlerem patyşanyň gymmat bahaly daşy yitipdir. Ony hemme
yerden gözläpdirler, hemmelerden sorapdyrlar. Şonda hàlki düyekeş
-Arada men siziň düýelerinizi ýitirdim, olary maňa bir bilgiç tapyp berdi.
patyşanyň yanyna gelip, şeýle diyipdir:
Patyşanyñ gymmatbaha daşyny onuň bir hyzmatkäri ogurlapdyr. Ol syrynyň açylar gorkusyna hemmeler
uklansoň gelip, bilgiç oglanyň aýagyna ýykylypdyr.
-Daşy men ogurladym, yöne ony aýtma, başym saña gurban bolsun!
Ol oglan muňa diýseň begenip, şeýle diýipdir:
Men ony seniň alandygyňy ertir irdenem bilyardim, ýòne seniň ýas başyňa dözmedim, saña nebsim agryp aýtmadym. Men senin başyňy gutaraýyn. Häziriň özünde patyşanyň guş ýatagyna bar, daşy gaza yuwutdyr-da
onuň ganatlaryny gyrk, soň arkaýyn ýatmaga git.
Jahan ýagtylan dessine täze bilgiji meýdançanyň ortasyna getiryarler.
Patyşa-da ýasawulary bilen bu ýere gelýär. Bilgiçden patyşanyň ýiten gymmat bahaly daşy hakynda soraýarlar. Ol kitabyny çykaryp, ona sereden bolup
şeýle diýýär:
-Patyşanyň köşgündäki ähli gazlary şu ýere getirin.
Ol getirilen gazlara seredyär. Ýöne olaryň arasynda bellik edilen gaza gõzi düşmeyấr, ony guş ýatakda goýup gaýdan ekenler. Onda ol gazlary sürüp
gelen adamlara:
diýýär.
- Bu gazlaryň hemmesi däl, ganaty gyrlan gaz hem bolmaly
Hemmeler muňa haýran galyarlar, ony öwüp arşa çykarýarlar. Ýatakda
galdyrylan şol gazy-da dessine getiryärler. Şonda bilgiç diýdi:
- Ana, şonuň garnyny dilip görüň, daşy şol ýuwdupdyr.
Gazy soýup, onuň garnyndan gymmat bahaly daşy tapyp alýarlar.
Patyşa muňa diýseň begenip, oña özüniň altyn eýerli çapar atyny sowgat
beripdir. Ýöne ol bilgiç ömründe ata münüp görmändir. Patyşanyň ol aty bolsa,üstüne patyşa münensoň, meýdançanyň ol çetine baransoň, yzyna çapyp
gaýtmaga endik edinipdir. Bilgiç ata münüpdir. At meýdançanyň ol çetine
yetip-ýetmän, yzyna garşy çapyp gaýdypdyr. Ol bolsa gorkupdyr, aty-da
saklamagy bilmändir, onsoň gygyryp başlapdyr:
Kömek ediň! Kömek ediň, adamlar!
At athana baryp, durupdyr. Ýöne edil şol wagt bir zat bolup, athana ýumrulypdyr. Patyşanyň atlary-da onuň aşagynda galypdyr. Şonda täze bilgic şeýle diýipdir:
– Meydançanyň o çetine baramda men munuň șeýle boljagyny bilip, atymy
çapyp gaýtdym, adamlary kömege çagyrdym, ýöne siziň hijiňiz gelmedin diýip
ol patyşanyň atyny gaýtaryp, yzyna beryär. Patyşa oña egsilmez baýyk beryär.
Ol öyüne dolanyp. goşlaryny howul-hara ýygnaşdyryp, nirä gidýänini Özi-de
bilmän, gacyp gitdi. Çünki ol öňde-soňda ýalanynyň paş boljagyny bilýärdi,
Şonuń üçinem ol gaçyp gutuldy.
21
122
suicide
3 Iýun 2024
gaty kopbilmis eken😌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.