stella_🖤
02.06.2024 17:27
Jesetler öýi 4-nji bölüm ( fantastiki hekaýa)

Men polisiýa merkezinden çykmadym. Çyksam Jeren meni tapyp öldürer. Ýöne bar zady eşiden öňki işdeşim jaň etdi. Işdeşim Aýna gaty gowy gyz. Men aglap oňa aýdyp berdim ol hem meni köşeşdirjek boldy. Meni öýüne çagyrdy. Aýnaň öýüne gitmek üçin ýola çykdym. Bir taksi sakladym. Salgyny berdim ýöne ol başga ýere bardy. Şäherden daşdadyk. Men gorkdym gygyryp başladym. Aýnadan seretsem ol Ahmet. Aglap kömek ediň diýip gygyrdym. Hiç kim ýok gygyranymyň peýdasam ýok. Ýöne men ruhdan düşmedim. Ulag durdy. Men gapyny açyp gitjek bolamda ulaga Jeren mündi. Jeren yzynda meň ýanymda oturdy. Men gorkdym sebäbi ol gaharly görünýädi. Hiç zat gürlemän öňüne seredip gitdi. Kiçijik öýe saldylar. Haýsy kelle bilen salýarlar bir uraňda ýykylýa bular gitdiler kiçijik öýüň ýanynda başga gowy öý bardy, şoňa girdiler. Menem gapyny urup depdim welin öý döwülip başlady. Men ylgadym olaram sese çykyp, yzymdan ylgadylar. Men mazara girdim. agaçlaň arasynda bukuldym. Olar meni tapmady gitdiler. Men öwülýäde öli adamlar we ruhlar bilen bile. Has hem gorkup başladym. Dogrymy aýtsam gorkmakdanam ýadadym sebäbi 1 helde bäri gorkup otyrn. Aglap ýatdym. 3:00 aglama sesine oýandym. Daş töweregime seretsem hiç kim ýok. Sese tarap ýöräp başladym. Bir mazaryň ýanynda ak eşikli gyz aglap otyr. "Agy nämä aglaýaň? Gel bärik. ejen kakaň ýokmy?" Ol jogap berenok. Gyz aglap otyrka sesi ýogynlaşyp aglaýana meňzeş däldi. Men ýanyna golaýlaşdym. Ol gyzyň ýüzi ganlardan doly. Görüp ýüregim ýaryldy. Elim aýagym titräp başlady. Gyz bir zatlar aýtýa ýöne aýtýan zatlaryna düşünip bolanok. Men yzyma tarap ýöräp başladym. Ýuwaşlyk bilen ýöreýşime yzymda biri duran ýaly duýdym, yzyma seretsem hiç kim ýok. Ylgap başladym ýöne gapdalymda ýene birileri bar ýalak. Has hem gorkdym öňümi görmän büdräp ýykyldym. Ýykylşyma gözüm ýumuldy ýöne ýumulmaka aýak sesleri eşdildi. Kelläm agyryp turdym. Mazardan çykdym. ýola tarap ýöredim. Elim galdyryp bir ulag saklajak bolýan welin bolanok. Ýöne biri durdy. Biz gürleşdik suw berdi. Özüme geldim. Meni şähere getirdi. Aýnaň ýanyna baryp agladym. Bar zady aýdyp ýeňledim soň polisiýa gitdik. Ýedi günden soň tutuldylar. Menem Aýna bilen bile Koreýa gitdim indi meniň işim, öýüm, jaýym bar. Men durmuşymdan razy ýöne Jeren çyksa ol meni gözläp aryny alar belki almaz meni tapmaz o zatlary bize wagt görkezer.



Soňy.




Awtory: Maýsa Welmenowa
25
123
lenka
3 Iýun 2024
Half agree with your poem, I didn't like at all!
lenka
3 Iýun 2024
At the end of the story you should have used dramatic incidents which gives to readers great attention
jucc
2 Iýun 2024
👍
jucc
2 Iýun 2024
Salam hekayanyn 3 bölumi yokmyka
guli05
2 Iýun 2024
Соныны говы йазмалы экенинз деррев гутарды
lall
2 Iýun 2024
Sony birhili boldy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.