stella_🖤
02.06.2024 12:35
Jesetler öýi 3-nji bölüm. (fantastiki hekaýa)


Leýli -O nähili, hiç zada düşünmedim.

Jeren- hahaha oýun etýän.

Leýli- Bolýa hiç kime aýtjak däl meni goýber.

Jeren- Ýok sen bu gün agşam........

Leýli-Näme bu gün agşam menem öldürjekmi? Näme adamlary öldürýäň.

Jeren-Men bulary sebäpsiz öldüremok.

Leýli-Onda näme üçin?

Jeren-Men 7 ýaşymdadym. Öýümde ejem kakam bilen gowy günlerimiz bardy. Ýöne bir gije ýatyrkam sesler eşdip oýandym, otagymdan çykyp seretsem gözümiň öňünde nä tanyş adamlar kakamyň ýüzüne näçe gezek pyçak sokup çykardylar. Men kiçijik wagtym kakamyň ölümini gördüm gany meň ýüzüme syçrady. Ejem elimden tutup gaçjak bolamyzda olar yzymyzdan gelip ýetişdiler. Ejemiň gözümiň öňünde oda ýakdylar. Menem pyçak bilen öldürjek bolanlarynda polisiýa geldi olar gaçdylar. Polisiýa olary tutup bilmedi. Meni ýetimler öýünde goýanlarynda her agşam gelýärdiler. Meni tutjak bolup, men her saparynda gaçýardym. Özüme söz berdim şolary öldürjegime. Ýetimler öýünde çykan soň Ahmet bilen tanyşdym olam maňa kömek etdi. Biz olary öldürdik ýöne biri bar iň akylly iň güýçlileri. Öldürmek üçin pylan edip otyrkak sen bar zada burnyňy sokup bize iş çykardyň.

Leýli-Biz bile ulandyk. Sen meň doganym ýalydyň näme üçin aýtmadyň.

Jeren- Meni çyndan gowy görýän Ahmetden başga hiç kim ýok. Senem diňe özüňi düşündiň.

Jeren aglap gitdi. Aglanyny bildirmejek boldy ýöne saklanyp bilmedi. Men Jerene gynandym ýöne bu etýän zatlary dogry däldi. Agşam boldy Ahmet geldi. Olar nahar iýip bolan soň meň ýanyma geldiler. Men aglap Jerene seretdim. Ol meň ýüzümede seredenok. Ahmet bilen Jeren gülüşüp degişip otyrlar. Men bolsa aglap otyrn. Ahmet meň elimden tutdy. " Goýber meni" diýip gygyrdym. Ol meň ýüzüme pyçagy tutdy soň bokurdagyma we öldürjek bolanda. Jeren sesli aglap başlady. Däliren ýaly "ýok ýok men sizi gowy görenim üçin" diýip aglap başlady. Ahmet pyçagy goýup Jereni gujaklady. Jeren gitdi yzyndan Ahmet gitdi garaz şeýdip bu gün agşam sypdym. Aglap agşam ýatyp bilmedim. Irden Jeren geldi maňa eşik zyňdy.

Leýli- Bu näme.

Jeren-Ýör gitýäs. Sen men Ahmet gaçýas.

Leýli-Meni başga ýerde öldürjek bolýaňmy.

Jeren-Ýok bagyşla eden zatlarym üçin. Ýör diňe üçimiz ýaşaly.

Leýli- Bolýa.

Jeren- Bol onda taýýarlan.

Men olar bilen bile gitjek däldim. Gaçyp gitjek. Otagdan çykdym suw içip özüme geldim. Nahar zat iýesim gelmedi ýüregim bulanýady gören, eşden zatlaryma. Bularyň keýpi gowydy. Maşyna mündik şäheriň içinde aýlandyk maşynly. Soň bular dükana içmäne zat alanlarynda maşyndan düşüp gitdim. Polisiýa merkezine baryp, bar zady bolşy ýaly gürrüň berdim. Polisiýa bütin şäheri gözläp başlady.


Dowamy bar......


Awtory: Maýsa Welmenowa.
26
171
makol
3 Iýun 2024
4nji bölumun dowamyna garasyan
makol
2 Iýun 2024
Dowamyny haçan goyyan
stella_🖤
2 Iýun 2024
@ddddd, Goýdym görüp bilersiňiz
ddddd
2 Iýun 2024
Dowamyna garasyan
stella_🖤
2 Iýun 2024
@gormegeyje, ertir hökman👍🏻
gormegeyje
2 Iýun 2024
Dowamyna garaşýas
lenka
2 Iýun 2024
Ok . Let happen whatever would happen
stella_🖤
2 Iýun 2024
@lenka, I will wrire tomorrow
lenka
2 Iýun 2024
When are you posting your next?
lenka
2 Iýun 2024
Lame!, make more intriguing
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.